Berkarar döwletimiz – parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýurdudyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda öňe sürýän oýlanyşykly başlangyçlary, dünýä döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmak babatyndaky tagallalary ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň arasynda giňden goldanylýar. Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki giň gerimli işleri halkymyzyň asuda hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin berk binýat döredýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň syýasy-medeni taýdan hem, halkara hyzmatdaşlygynda hem tutýan ornunyň belentliginden habar berýär. Bu karar diňe bir Türkmenistanyň halkara derejesindäki netijeli başlangyçlarynyň ykrar edilmegi däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine bolan belent çemeleşmesiniň hem nyşanydyr.
Türkmenistan dünýäde parahatçylyk gatnaşyklaryny berkitmek, ynanyşmagy güýçlendirmek hem-de sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda täzeçe çemeleşmeleri öňe sürýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisindäki çykyşynda beýan eden “Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy” şeýle oýlanyşykly çemeleşmeleriň biri bolup, halkara gatnaşyklary täze ösüş derejesine çykarmagy maksat edinýär.
Bu strategiýa ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ugurlarda täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlary öz içine alýar. Hususan-da, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ähli ýurtlaryň deň hukukly gatnaşygyny üpjün etmek, daşarky syýasy täsirlerden azat, özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek maksady öňde tutulýar. Türkmenistan bu ugurda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, pes uglerodly ykdysadyýete geçmek, ulag ulgamlaryny ösdürmek ýaly strategik taslamalary öňe sürýär.
Şeýle hem ýurdumyz halkara ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde işjeňlik görkezýär. Bu başlangyçlaryň ählisi hem diňe bir ykdysadyýeti ösdürmäge däl, eýsem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, adamzadyň ýaşamagy üçin has amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Halkymyzyň we döwletimiziň parahatçylykly ösüş ýolunda öňe barmagyna sebäp bolýan başlangyçlaryň şanyna, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy taryhy ähmiýete eýedir. Parahatçylygyň binýady bolan ynanyşmak, dostluk, hyzmatdaşlyk ýaly gymmatlyklary dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatlary bize ýagty geljegi gurmakda ýol görkezýär.
Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk, agzybirlik, bagtyýar durmuş höküm sürsün! Türkmen halkynyň ýüreginden dörän bu ynsanperwer ýörelgeler bütin dünýäde parahtçylygyň ösüşiň, dostlugyň berk binýadyna öwrülsin!
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby
Saparowa Jennet



