Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Halkara zenanlaryň baýramy ýokary derejede hem-de giňden bellenilip geçilýär. Maşgala ojagyna wepalylygy bilen jemgyýetiň sazlaşygyny emele getirýän zenanlaryň bu ajaýyp baýramy milli däp-dessurlara laýyklykda, täze many-mazmuna eýe bolup, zenanlara bolan çuňňur sarpany, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Häzirki wagtda gözel Diýarymyzda mähriban zenanlarymyzyň şan-şöhratyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Buýruga gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ýurdumyzyň ähli zenanlaryna — edara-kärhanalaryň işgärlerine, hormatly dynç alyşdaky enelere, ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň talyp gyzlaryna, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşuryldy.
Ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň kuwwatlylygyň has ýokary derejelere göterilip, dünýä giňişliklerine ýaýramagynda özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryny hem-de aýal-gyzlaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, zenanlarymyzyň ýüzi elmydama ýylgyrsyn.
Gurbantäç BEGJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby