Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ruhy baýlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň dünýagaraýyşlarynyň giňelmegine, aň-paýhasynyň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Kitaba uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip belläp geçýär. Häzirki wagtda kitaphanalaryň işini has-da kämilleşdirmek we ýurduň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, elektron kitaplar bilen üpjün etmek baradaky aladalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem-de olarda talabalaýyk hyzmat edilmegi okyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär. Şunda ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň dürli kitaplar bilen üpjünçiligi möhüm şert bolup durýar. Kitaphana işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyklykda guramak, täze hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, neşir önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy döredilýär. Kitaphanalaryň kitaplar bilen üpjünçiligine uly üns berilýär. Olaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, elektron görnüşli kitaplar, pudaklaýyn kataloglar we bibliografik kartotekalar ulgamlary bilen üpjün edilmegi giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny, kitaba, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de döwletimiziň, tutuş jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşlerine uly ýardam edýär.
Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.
Bazarbaý ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby