Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby – ýaş nesli terbiýelemekde, olaryň ruhy-ahlak taýdan ösüşini üpjün etmekde, şeýle hem Watanymyzyň gazanýan ýokary üstünliklerine bolan goşantlaryny güýçlendirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ajaýyp kitap, diňe bir ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we iň gowy şahsyýetler bolmagyna däl, eýsem, olaryň milli we watançylyk duýgularyny güýçlendirip, geljekde uly üstünliklere ýol açjak döwlet adamy hökmünde kemala gelmegine ýardam edýän gymmatly çeşme bolup çykyş edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň esasy maksady, ýaşlary diňe bir bilim ýa-da hünär almak bilen çäklenmän, olaryň Watanymyza, halkymyza bolan söýgisini, döwletimiziň beýik ösüşine bolan ynamyny we olaryň jemgyýete bolan jogapkärlikli garaýyşlaryny ösdürmekdir. Bu kitap, ýaşlaryň iň belent ynsanperwer, ahlakly we kämil şahsyýetler bolmagyna ýardam berýän ýörelgeleri beýan etmek bilen, Watanyň öňünde durýan möhüm meseleler barada täze pikirleri özünde jemleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny pugtalandyrmak, olaryň mirasa bolan hormatyny artdyrmak we bu ýörelgeleri, jemgyýetde dogruçyllyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýaly möhüm ahlak esaslary bilen birleşdirmek aýratyn nygtalýar. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda, ýaşlar üçin açylýan täze mümkinçilikler we ugurlar göz öňünde tutulyp, olaryň diňe bir döredijilik, ylym we bilim ugurlarynda öňe gitmek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy taýdan berk, jemgyýetçilik taýdan jogapkärli, öňdebaryjy şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitapda, ýaşlaryň öňünde duran möhüm ugurlary, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşi üçin zerur bolan bilim, tehnologiýa we medeniýet ulgamlary bilen baglylykda düşündirilýär.
Ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
Güljan Saburowa,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy




