Spireýa köp şahaly, boýy 3-4 metre çenli bolup, onuň örän köp we sada gülleri bardyr. Spireýalaryň hemmesi ýaprakly gyrymsy agaçlardyr. Ösümlikleriň köpdürlüligine garamazdan, ony özüne çekiji ysy bilen beýlekilerden tapawutlandyryp bolýar. Onuň güli üljäniň gülüni ýadyňa salýar. Sortuna baglylykda ak, gülgüne, sarymtyl, goýy gyrmyzy reňklerde bolýar. Ownuk owadan ýapraklarynyň hem güle meňzeşligi bar. Gülleýiş döwrüne baglylykda spireýa iki topara bölünýär: bahar gülleýän we tomus gülleýän. Bahar aýlarynda gülleýänleriň gülleri geçen ýylky pudagyndan emele gelýär. Tomus gülleýänleriň gülleri şu ýylky baldagyndan emele gelýär.
Spireýany güýz aýlary we ir baharda ekmek amatly. Spireýa idegi köp talap etmeýär, ol toprak saýlamaýar. Gurply topraga ekilende, iýmitlendirilmese-de, köp ýyllap şol bir ýerde ösüp, gülleýär. Spireýa aram, ýumşak topragy halaýar. Gurakçylyga we sowuga çydamly. Bu gyrymsy agajy güýz aýlarynda ekseň, gazaply gyşy gowy geçirer ýaly, üstüni ýapmaly. Ýaz aýlarynda ekilende bütin tomsuň dowamynda suwaryp, çygly saklamaly. Gurpsyz toprakda ir baharda spireýany iýmitlendirmeli. Toprak gurply bolsa, iýmitlendirmek hökman däl. Esasan tomus gülleýän spireýany toprak çygly bolar ýaly, hökman suwaryp durmaly. Spireýany gyrkmak gülleýiş döwrüne bagly bolýar. Baharda gülleýäni, güllenden soň gyrkmaly, tomus gülleýäni ir baharda gyrkmaly. Spireýanyň käbir görnüşleri örän tiz ösýär we garraýar.
Mežnun NARBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby