Hormatly Gorogly okyjylary,
Biz Gorogly topary hökmünde, ýurdumyzyň sanly giňişligine (IT ugryna) goşant goşmagy we siz üçin peýdaly hyzmatlary döretmegi esasy maksadymyz edinýäris. Şu gün bolsa, uzak wagtdan bäri üstünde işleýän we 100% ýerli güýçler bilen taýýarlan täze taslamamyzy size buşlaýarys: Howamaglumaty.com!
Näme üçin täze howa maglumaty saýty döredildi?

Belli bolşy ýaly, halkara howa maglumaty saýtlary köplenç diňe welaýat merkezlerini görkezmek bilen çäklenýär. Emma biziň daýhanlarymyz, sürüjilerimiz we etrap ýaşaýjylarymyz üçin öz ýaşaýan kiçi etraplaryndaky ýa-da obalaryndaky howa ýagdaýyny bilmesi wajypdyr.
Ine, Howamaglumaty.com hut şu boşlugy doldurmak üçin döredildi.
Biziň Saýtymyzyň Aýratynlyklary:
- Jikme-jik maglumat: Biz diňe 5 welaýaty däl, eýsem Türkmenistanyň ähli etraplaryny we şäherçelerini ulgama girizdik. Indi siz Sarahsdan Köýtendaga, Etrekden Gubadaga çenli islendik nokadyň howa boljamyny görüp bilersiňiz.
- Ýeňil we Tiz (Internet Tygşytlaýjy): Türkmenistanyň internet şertlerini göz öňünde tutup, saýty iň kämil tehnologiýalar bilen “ýeňil” (Lightweight) görnüşde düzdik. Saýt hatda pes internet tizliginde-de bökdençsiz açylýar.
- Janly Şemal Kartasy: Ýurdumyzyň üstündäki şemal akymlaryny we bulutlaryň hereketini janly karta arkaly yzarlap bilersiňiz.
- Telefona Ýükleme Mümkinçiligi (PWA): Saýtymyzy App Store ýa-da Play Market-e girmän, göni brauzeriňizden (Chrome/Safari) telefonyňyza programma hökmünde ýüklap bilersiňiz.
Ýerli telekeçilere goldaw: Nokatlaýyn Mahabat ulgamy
HowaMaglumaty web saýty diňe bir howa saýty bolman, eýsem ýerli telekeçilerimiz we hyzmat ulgamy üçin hem täze bir mahabat platformasydyr. Biz Türkmenistanda seýrek duş gelýän “Nokatlaýyn (Geo-Targeting)” mahabat ulgamyny ýola goýduk.
Bu nämäni aňladýar?
Mysal üçin, siz Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dükan işletýän bolsaňyz, mahabatyňyzy tutuş ýurda görkezip artykmaç çykdajy etmegiň zerurlygy ýok. Siziň mahabatyňyz diňe Wekilbazar etrabynyň howa maglumatyny görmäge giren ulanyjylara görkezilýär.
Bu ulgam arkaly kiçi we orta telekeçilerimiz:
- Tygşytly: Diňe öz hakyky müşderilerine ýüzlenip biler.
- Netijeli: Müşderi olar üçin iň amatly wagtda (meselem, ýagyşly havada taksi hyzmaty ýaly) mahabaty görüp biler.
Hyzmatdaşlyk we mahabat ýerleşdirmek üçin biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Gelejekki meýilnamalarymyz
Häzirki wagtda saýtymyzyň blog bölüminde hepdelik howa seljermelerini, daýhanlar we sürüjiler üçin peýdaly maslahatlary paýlaşyp başladyk. Ýakyn wagtda “Akylly Duýduryş” (Push Notification) ulgamyny işe girizip, howa üýtgemeleri barada size öňünden habar bereris.
Bu taslama, Gorogly.com toparynyň Türkmenistanyň sanly ösüşine goşan kiçijik bir goşandydyr.
Täze hyzmatymyzy barlap görüň we pikiriňizi biziň bilen paýlaşyň:
👉 www.howamaglumaty.com



