Gazet — aýda azyndan bir gezek çap edilýän neşirdir. Gazetler biziň durmuşymyzda uly ähmite eýedir. Biz olar arkaly dünýä täzeliklerinden habarly bolýarys.Eýsem häzirki günlerde biziň gözýetimimizi giňeldýän gazetler haçan ýüze çykdyka?! Biziň e.ö II asyrlarda rimliler agaç tagtalaryň üstüne bolan wakalary beýan edip başlapdyrlar. Emma Ýuliý Sezar Senatyň mejlisiniň hasabatyny hökmany paýlamagy buýurmazdan ozal habarlar resmi häsiýete eýe bomandyr. Gazetler XVI asyrda häzirki zaman keşbine eýe bolup başladylar. Şeýlede “gazet” ady ulanylyp başlady, ol hem Wenesiýadaky golýazma kagyzlary üçin tölenýän kiçijik italýan gazetta teňňesi bilen baglanyşyklydyr. Hut şu şäherde maglumat ýygnamak üçin ilkinji býurolaryň döredilendigi, habar agentlikleriniň prototipleri we “habarlar hünäri” dörändigi aýdylýar.1657-nji ýylda iňlis gazetleriniň biri ilkinji mahabat pozisiýasyny neşir etdi, tiz wagtdan patyşa Karl II itiniň ýitirim bolmagy barada şahsy mahabatlary ýerleşdirdi.Saklanyp galan iň köne neşirleriň biri 1621-nji ýylda neşir edilen “kurant” nusgalary hasaplanýar. “Habarçy hatlaryň” mazmunynyň esaslary daşary ýurt metbugatyndan we rus diplomatlarynyň we daşary ýurtly söwdagärleriň hasabyndan terjime edilipdir. Ilkinji çap edilen gazetler beýleki Ýewropa oýlap tapyşlary ýaly Russiýa döwletinde Petr I döwründe peýda boldy we 1702-nji ýylda “sanawnama” peýda bolup başlady.
Merjen Ballyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby