Dünýäde imbiriň üçden bir bölegi Hindistanda ösdürilip ýetişdirilýär. Imbiri Günorta-Gündogar Aziýanyň ýaşaýjylary birnäçe müň ýyl ozal ösdürip başlapdylar. Imbir gadymy hytaý, hindi we pars lukmançylyk traktatlarynda tonizirleýji, temperaturany peseldiji we arassalaýjy serişde hökmünde agzalýar.
Imbir köplenç ýetişen kök, guradylan ürgün (poroşok), duzlanan ýa-da şekere ýatyrylan görnüşinde satylýar. Mundan başga-da, imbir ýagyny ýa-da kök ekstraktyna duşmak bolýar. Imbir köp önümleriň — Aziýa souslarynyň, gazlandyrylan içgileriň we ys berijileriň garyndylaryň düzümine hem girýär. Imbiriň bejeriş täsirini doly açmak üçin lukmanlar ter kökleri ulanmagy maslahat berýärler.
Imbir näme üçin peýdaly?
100 g 80 kkal kaloriýaly imbirde adamlar üçin peýdaly maddalar we mikroelementler köp saklanýar.
Imbiriň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, kletçatka, suw, witaminler, mikroelementler saklanýar.
- Sowuklama garşy kömek edýär
Imbir bedeni gyzdyrýar we derleriň işjeň bölünip çykmagyna sebäp bolýar.
- Iýmit siňdiriş üçin peýdalydyr
Adaty lukmançylykda imbir köplenç aşgazan-içege kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Imbiriň işjeň maddalary gazlaryň dargamagyny we ýok edilmegini çaltlaşdyrýar. Imbir aşgazan asty mäz fermentleriniň işini hem güýçlendirýär, iýmit siňdirişini gowulandyrýar we metabolizmi çaltlaşdyrýar.
- Süýji keseli üçin täsirli
Birnäçe geçirilen barlaglara görä, imbir gandaky şeker derejesini peseldip biler. Mundan başga-da, imbiriň sowuklama garşy häsiýetleri süýji keseliniň ikinji derejeli alamatlaryny ýeňilleşdirmäge kömek edýär.
- Agramy kadalaşdyrmaga kömek edýär
Imbir ganyň şekerini azaldýar we ýagyň bölünmegine jogapkär fermentleriň öndürilmegine itergi berýär. Imbiriň dokluk duýgusyny hem uzaldýandygy subut edildi.
- Artrit we çişme kesellerine kömek edýär
Imbirde köküne ýiti tagam berýän fenol birleşme bolan gingerol bar. Güýçli çişmä garşy häsiýetleri bar. Adaty lukmançylykda imbir bogun kesellerini — artrit we artrozy bejermek üçin ulanylýar. Geçirilen gözleg, zynjyryň çişen bogunlardaky agyryny netijeli ýeňilleşdirýändigini we hereketliligini ýokarlandyrmaga kömek edýändigini subut etdi.
- Bakteriýalary ýok edýär
Gingerol, antibakterial serişdedir. Alymlar imbiriň agyz boşlugyny parodontoz keseli we beýleki diş etiniň zeperlenmegine sebäp bolýan bakteriýalaryň birnäçe görnüşinden goraýandygyny subut etdiler. Gingerol, kandidoz ýaly kömelek kesellerine garşy täsirlidir.
- Ýüregi goraýar
Zynjyr ýürek-damar ulgamyna oňyn täsir edýär — gan basyşyny peseldýär we ýüregi işemiýa kesellerden goraýar.
Imbiriň peýdalarynyň köpdügine garamzadan, ony lukmanyň maslahaty bolmazdan köp iýmek maslahat berilmeýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby