Adamlar gadymy döwürlerden bäri ösümlikleriň käbir görnüşleriniň antibiotik hasiýetleriniň bardygyny bilipdirler. Bilşimiz ýaly häzirki döwürde hem kabir ösümlikler şeýle hem mallardan alynýan önümler antibiotik düzümini saklaýar. Elbetde ösümlik gelip çykyşly antibiotikler täsir edijiligi boýunça sintetik usuldakylar bilen deň däl. Emma muňa seretmezden olaryň zyýanly täsiri hem az. Şeýlede tebygy antibiotkleriň iki sany uly artykmaçlygy bar. Bu hem käbir ösümliklerde hem wiruslara hem bakteriýalara hem kömeleklere garşy göreşmek ukybynyň bolmagydyr. Bu bolsa tebigy antibiotik saklaýan ösümlikleriň sintetik usulda alynan dermanlardan güýçli tapawudydyr.
Ýagny, sintetik usulda alynan antibiotikler haýsy hem bolsa bir wirursyň ýa-da bakteriýanyň bir görnüşine niýetlenen.
Hazirki wagtda gündelik durmuşda keselleriň öňüni almakda sintetik usulda alynan dermanlary iýmitiňe goşmak halanmaýar, emma düzüminde tebygy antibiotikleri saklaýan önümleri goşanymyzda iýmite hoşboý ys bermek, iýmitiň ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin :Sarymsak- tebigy antibiotik we biostimulýator hökmünde bütin dünýäde belli.Sarymsagyň bir dişi 400 –den gowurak birleşmeleri öz düzüminde saklaýar.
Alymlaryň aýtmagyna göra sarymsak adamyň bedenindäki immuniteti ýagny T-limfositleriň işjeňligini ýokarlandyrmaga ukyply. Sarymsak- parazitleri ýok etmek, gan basyşy kadalaşdyrmakda , trombozyň öňüni alýar, wiruslary we bakteriýalary ýok edýär. Antioksidant häsiýete eýe bolup, sarymsakdaky uçujy efir ýaglary onkologik keselleriň bardygyny duýdurýar.
Imbir

Imbir – köpýyllyk mahsus ysly täsin şekildäki ösümlik bolup, ewroaziýada täsin ösümlik hasaplanýar. Ýaponiýanyň halky imbiriň koküniň täsinligine ynanyp, balygy gorkman çig iýip, soňundan imbiriň köküni iýýärler. Imbiriň koki sowuklama garşy, mikrobagarşy , gkylygy goparyjy täsire eýe. Şeýle hem gyzgyny peseldiji we patogon serişde hasaplanýar.
Alma sirkesi
Alma sirkesi- bu ýokary täsirli dezinfisirleýji serişde hasaplanyp, mikroblaryň köp görnüşlerini ýok etmäge ukyply. Şeýlede alma sirkesi käbir kömelekleri we drožlary ýok etmekde ýokary täsirlidir. Şeýle bolsada ol nemli bardalary hiç hili zeperlemeýär. Mundan başgada ol güýçli detoksifaktor.
Zeýtun ýapragy

Zeýtun ýapragy- zeýtunyň peýdalydygyny köp adamlar bilýär. Emma zeýtun ýapragynyň peýdasy hakynda siziň bilmäýan bolmagyňyz hem mümkin. Ýaprakda saklanýan fenol birleşmeleri wiruslary we bakteriýalary ýok etmekde güýçli täsirli hasaplanýar. Zeýtun ýapragyndan alynýan ekstrakt – antioksidant hökmünde täsir edip, ganda şekeriň saklanyş derejesini kadaly ýagdaýda saklamaga ýardam edýär.
Sogan
Sogan – biologik aktiw maddalary saklap, täze sykylyp alynan soganyň suwy patogon maddalary çykaryjy, içegelerdäki mikroflorany we agyz boşlugynyň mikrobalansyny kadaly ýagdaýda saklamakda , mikroblary ýok etmekde, immuniteti ýokarlandyrmaga, gany arassalamakda , deri kesellerinde hem kömek edýär.
Witamin C- immun ulgamyny ýokarlandyrmakda iň zerur witaminleriň biri bolup immun ulgamyny goldaýar.
Witamin C- süýji bulgar burçunda, brokkoli, kiwide, tokaý miwelerinde, sitruslarda we beýleki köp gök önümlerde saklanýar.
- Greýpfrutyň çigidiniň ekstrakty- kömelekleriň 100 (ýüz) görnüşine , bakteriýalaryň 800( sekiz ýüz) ştammyna we wiruslara garşy täsir etmek bilen bedene hiç-hili zyýanly täsirleri ýok.
- Hren –russiýa döwletinde limondan öň singa keseline garşy giňden peýadalanylan. Ol öz düzüminde birnäçe witaminleri saklap olarda karoti, kaliý, fosfor, kalsiý , B topar witaminleri saklaýar. Hreniň kokleriniň efir ýaglary bilen bile ulanylanda ýokary dem alyş ýollaryndaky ýokanç keselleri bejermekde uly ähmiýetlidir.
- Gorçisa- häzirki döwürde halk lukmançylygy bilen bir hatarda medisinada hem giňden peýdalanylýar. Gorçisanyň birnäçe peýdaly tarapy bolup iň esasysy mikroba we sowuklama garşy täsiridir. Bu melhemlik ösümligiň peýdalydygy baryp, gippokratyň döwründe hem mälim bolup, lukman onyň dänelerini dürli keselleriň öňüni almak üçin dänelerini peýdalanmagy maslahat beripdir. Häzirki döwür medisinasy bedenden zäherli maddalary çykarmakda ,bedende madda çalşyk hadysalaryny gowulandyrmakda, agyr iýmitleri siňdirmekde örän peýdalydygyny belleýär.
Korisa- tebigy antibiotige örän baý ösümlikdir. Onuň düzüminde saklanýan iki sany birleşme : senamaldegit we ewginol içege infeksiýasyna garşy göreşmekde has täsirlidir. Hakyky seýlon korisasy sintetik usulda alynan antibiotikleriň göreşip bilmedik içegqniň iň ,,kejir” bakteriýasyny hem ýok etmekde tapawutlanýar. kororisa diňe bir tebigy antibiotik bolman eýsem güýçli immunomodulýator hasaplanýar.
Biziň ata Watanymyz Türkmenistan melhemler ýurdy. Ýokarda agzalyp geçilen dermanlyk ösümliklerden başgada birnäçe ösümlikler özüniň täsir edijiligi boýunça tapawutlanýarlar.
Agzalan dermanlyk ösümlikleri öňüni alyş maksatly däl-de bejergi maksatly ulanan ýagdaýyňyzda hökmany suratda lukmanlara ýüz tutup, lukmanlaryň maslahat beren möçberlerinde we dowamlylygyna göra ulanmaly!
Ýazan: Asdangulyýew Kerim
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby


