Iň peýdaly tomus miweleriniň biri garalydyr. Çünki onuň düzüminde bedeni howply kesellerden goraýan witaminler we peýdaly maddalar köp saklanýar. Alymlar garalyny her gün iýmek diňe bir mümkin däl-de, eýsem zerurdygyny aýdýarlar.
Garalynyň peýdaly häsiýetleri:
- Ýogyn içegede düwnük keseliniň döremek howpuny azaldýar;
- Bedenden toksinleri bölüp çykarýar we howply çiş kesellerini döredýän erkin radikallara garşy göreşýär;
- Onda bedeniň ýaşlygyny saklamaga kömek edýän köp antioksidantlar saklanýar;
- Garaly we şetdalydan taýýarlanylan ekstrakt aýallarda düwnük öýjüklerine garşy göreşmek we olary ýeňip geçmekde peýdalydyr;
- Onuň miwesinde iýmit siňdiriş ulgamynyň gowy işlemegine oňyn täsir edýän köp mukdarda kletçatka bar;
- Miwesinde süňkleriň sagdyn bolmagy üçin örän peýdaly bolan K1 witamini saklanýar;
- Bu miwe ýürek üçin peýdaly bolan witamileriň ajaýyp çeşmesidir. Ýagny, onda magniý, kaliý, marganes we mis ýaly peýdaly elementler bar;
- Onuň kömegi bilen bedende zyýanly holesteriniň derejesi peselýär;
- Ol süňk ulgamynyň agyr keseli bolan osteoporoza garşy göreşýär.
Bu datly we peýdaly miwäni kakadylan görnüşde hem iýmek bolar. Mundan başga-da, garalyny taýýarlanýan dürli tagamlara goşmak hem peýdalydyr. Ol gaýnadylanda hem öz peýdaly häsiýetlerini ýitirmeýär.
Merjen BAÝAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.