Her ýyl dünýäde 3 tonna golaý kakao-miwesi öndürilýär. Bu bolsa kofedan iki esse azdyr. Iň inçe, iň tagamly we gymmat kakao henizem öz watanynda Günorta Amerikada ösýär. Şokoladyň taryhy üç müň ýyla uzaýar. Kakao miweleri hatda Olmek siwilizasiýasynda-da biziň eýýamymyzdan müň ýyl ozal ýaşap geçen Amerikan hindilerine mälim bolupdyr. Ilki bilen şokolad diňe içgi hökmünde kabul edilýärdi. Meksikaly hindileriň dilinden ”şokolad “ sözi “ajy suw” ýa-da “suw we köpük” diýip terjime edilýär. Häzirki wagtda iň uly şokoladyň agramy alty tonna barabardyr. Şokoladyň agramy takmynan 5 tonna 792,5 kilogram bolup, 2011-nji ýylyň oktýabrynda Ginnesiň Rekorlardlar Kitabyna girizildi. Bu şokolady “Thorntons” kompaniýasy ýüz ýyllygy üçin ýasady.Onuň uzynlygy we giňligi dört metre deň. Her ýylyň 11-nji Iýulynda Bütindünýä şokolad güni bellenilýär.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby