E-commerce ýa-da internet söwdasy – internet arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň satylmagy we satyn alynmagydyr. Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen internet söwdasy dünýäniň köp ýurtlarynda giňden ýaýrap başlady. Adamlar öýden çykman onlaýn dükanlardan dürli harytlary satyn alyp bilýärler.
Internet söwdasynyň esasy aýratynlygy onuň tizligi we amatlylygydyr. Alyjylar birnäçe minutyň içinde haryt saýlap, töleg edip bilýärler. Şeýle hem satyjylar öz harytlaryny diňe bir ýerli bazarda däl, eýsem dünýä bazarynda hem hödürläp bilýärler.
Online söwda ulgamynyň ösüş faktorlary
Internet söwdasynyň ösmegine birnäçe faktor täsir edýär. Ilki bilen internetiň giňden ulanylmagy we smartfonlaryň köpelmegi möhüm rol oýnaýar. Köp adamlar gündelik durmuşynda interneti ulanýandyklary üçin onlaýn söwda etmek has amatly bolýar.
Şeýle hem elektron töleg ulgamlarynyň ösmegi e-commerce ulgamynyň giňelmegine ýardam berýär. Bank kartlary, onlaýn töleg platformalary we beýleki sanly hyzmatlar internet arkaly söwda etmegi aňsatlaşdyrýar. Mundan başga-da logistika we eltme hyzmatlarynyň ösmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
E-commerce-niň ykdysady ösüşe täsiri
Internet söwdasy ykdysady ösüşe birnäçe ugur boýunça täsir edýär. Ilki bilen täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Onlaýn dükanlar, logistika hyzmatlary, maglumat tehnologiýasy boýunça hünärmenler üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Mundan başga-da e-commerce kärhanalara öz harytlaryny has giň bazarda satmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa söwdanyň möçberiniň artmagyna we ykdysady işjeňligiň güýçlenmegine getirýär. Şeýlelik bilen internet söwdasy ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär.
Ulgamyň geljekdäki mümkinçilikleri
Häzirki wagtda dünýäde sanly ykdysadyýet çalt depginlerde ösýär. Şonuň üçin e-commerce ulgamynyň geljekde has hem giňelmegine garaşylýar. Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, onlaýn hyzmatlaryň artmagy we sanly tölegleriň giňden ulanylmagy internet söwdasynyň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiler üçin e-commerce uly mümkinçilik döredýär. Olar öz önümlerini internet arkaly giň müşderilere hödürläp bilýärler. Bu ýagdaý ykdysadyýetiň ösüşine we täze bazarlaryň emele gelmegine ýardam berýär.
Muhammetgulyýewa Soltangül
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby


