Adam ömründe gaýtalanmaýan, ýöne onuň geljegini düýpli kesgitleýän iň möhüm döwür — irki çagalykdyr. Bu döwür, ýagny çaganyň dünýä inen pursatyndan başlap ilkinji ýyllary, diňe bir beden ösüşi bilen çäklenmän, beýniniň, nerw ulgamynyň, häsiýetiň we pikirlenişiň binýadynyň berkeýän biologik tapgyrydyr. Köp adamlar muny doly derejede duýmaýar, emma ylmy maglumatlar çagalyk ýyllarynyň adamyň tutuş ömrüne täsir edýändigini subut edýär.
Biologik nukdaýnazaryndan seredilende, çaganyň beýnisi bu döwürde örän çeýe bolýar. Alymlar muny beýniniň ýokary neýroplastikligi bilen düşündirýärler. Başgaça aýdylanda, çaganyň beýnisi daşky gurşawdan gelen her bir täsiri tiz kabul edýär we ol täsirler beýniniň gurluşynda yz galdyrýar. Şonuň üçin çagalykda eşidilen söz, görlen hereket, duýulan mähir ýa-da tersine, stres we gorky geljekki häsiýetiň düýp sütüni bolup bilýär.
Irki çagalyk döwründe beýni öýjükleriniň arasynda millionlarça täze baglanyşyklar emele gelýär. Bu baglanyşyklar çaganyň nädip pikirlenjekdigini, öwrenjekdigini, duýgularyny dolandyrjakdygyny kesgitleýär. Eger bu döwürde çaga mähirli gurşawda össe, onuň beýnisi ynam, aramlyk we döredijilik ugrunda ösýär. Eger çaga hemişe gorky, basyş ýa-da üns ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolsa, bu ýagdaý biologik taýdan hem onuň ösüşine täsir edýär.
Çagalaryň biologik aýratynlyklary ululardan düýpgöter tapawutlanýar. Olaryň immun ulgamy doly kämilleşmeýär, şonuň üçin ol daşky gurşawy öwrenýär. Kämahal ýygy kesellemek hem biologik taýdan tebigy ýagdaý hasap edilýär. Şeýle-de çagalaryň süňkleri elastik bolup, ösüş plitalary arkaly uzalýar. Bu bolsa olaryň çalt ösmegini üpjün edýär, ýöne şol bir wagtda artykmaç fiziki ýükleriň zyýanly bolup biljekdigini görkezýär.
Uky hem irki çagalykda aýratyn biologik ähmiýete eýedir. Uky wagtynda çaganyň beýnisi alnan maglumatlary tertipleşdirýär, ýatlamany berkidýär we ösüş gormonlary işjeňleşýär. Şonuň üçin uky ýetmezçiligi diňe bir ýadawlyk däl, eýsem ösüşiň haýallamagyna hem getirip biler.
Irki çagalyk diňe bir biologik däl, eýsem ruhy ösüşiň hem esasy tapgyrydyr. Çaganyň ilkinji ýyllarda alan mähri, ünsi, aragatnaşy onuň öz-özüne ynamyny, adamlar bilen gatnaşyk gurmak ukybyny kemala getirýär. Bu bolsa soňky durmuşda onuň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna uly täsir edýär. Bu döwürde çaganyň saglygyna, terbiýesine, psihologik abadançylygyna üns bermek diňe bir ene-atanyň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň jogapkärçiligidir.
Bossan Rejepowa,
Saýat etrabynyň 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi


