It diňe bir adamyň dosty bolman, eýsem lukman we psihoterapewt hökmünde hyzmat edýär diýsek ýalňyşmarys. Alymlar itleriň eýeleriniň çakyza (migren), gan basyşynyň ýokarlanmagyna we uky bozulmalaryna has az sezewar bolýandyklaryny tassyklap, itleriň bizi bejerýändigini subut etdiler. Olar gowy uklaýarlar we ukusyzlykdan ejir çekmeýärler diýen ýaly, şeýle-de stresden has aňsat gutulýarlar. Bu hakykat jemgyýeti şeýle bir gyzyklandyrdy welin, Ženewada adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky gatnaşyklar meseleleri boýunça VII halkara konferensiýada ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň birine öwrüldi.
Saglyga edýän täsiri
Itler agyrymyzy duýýarlar we ony azaltmaga ýa-da öz üstlerine almaga ukyplydyrlar. Şonuň üçin öý haýwanlaryňyz barada alada ediň we söýüň. Olara ideg we dogry deňagramly iýmit gerek. Itiňiziň iýmitini barlap, programma ulanyp sazlap bilersiňiz. Itiň diş saglygyna gözegçilik etmek hem zerurdyr. Programmany ulanyp, öý haýwanyňyzyň agyz saglygyna baha beriň.
Gipodinamiýa, ýagny fiziki hereketsizlik biziň döwrümiziň jezasydyr. Esasanam bu köplenç oturýan durmuş ýörelgesini alyp barýan ofis işgärleri üçin tanyşdyr. Itler eýelerine bu meseläni ýeňip geçmäge kömek edýär: ýylyň islendik wagty we islendik howada arassa howada gezelenç etmek myşsalaryny uzatmaga we günüň dowamynda güýçlenmäge kömek edýär. Mundan başga-da, lukmanlaryň pikiriçe, ýatmazdan öň ýöremek nerw ulgamyny berkitmäge kömek edýär we uka oňyn täsir edýär.
Indi öý haýwanyňyzy köp sypalaň. Alymlar iti ýygy-ýygydan sypalamagyň gan basyşyny kadalaşdyrýandygyny we ýürek urmasyny köşeşdirýändigini subut etdiler. Itler nerw ulgamymyzy bejerýär, dynç almaga, negatiwlikden dynmaga we oňyn energiýa bilen üpjün bolmaga kömek edýär. Gereksiz soraglar bermezden we ünsüni sowmazdan, sizi üns bilen diňläp bilýärler, bu bolsa öý eýelerine “psihoterapewtlere” psihologiki we emosional taýdan erkinlige mümkinçilik berýär. Dogrusy, meşhur it ýüňünden guşagy we ellikleri nädip ýatlap bilmeris? Galyberse-de, bu artrit, artroz, radikulit, osteohondroz we beýleki kesellere garşy göreşmegiň iň täsirli usulydyr.
Nazgulyýew Güýzmyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby