- Adam-it arabaglanyşygy: Itler takmynan 20,000 ýyl ozal Daş asyrynda adamlar üçin öý haýwanlaryna öwrüldi. Bu, aw awlamakda we goranmakda adamlara kömek eden haýwanlary eldekileşdirmegiň ilkinji hadysasydyr.
- Tohumlaryň giň dürlüligi: Itler islendik süýdemdiriji görnüşleriň iň köp dürlüligine eýe — dürli kinologiýa guramalary tarapyndan ykrar edilen 340-dan gowrak tohum bar.
- Itleriň saglygy: Itler eýeleriniň saglygyny gowulandyryp biler. Geçirilen synaglar itler bilen wagt geçirmek stres derejesini peseldip, fiziki işjeňlik derejesini ýokarlandyryp biljekdigini we hatda gan basyşyny gowulandyryp biljekdigini görkezýär.
- Ys alyş endikleri: Itleriň ajaýyp ösen ys duýgusy bar. Bir million töweregi dürli ysy tanap bilýärler, adamlar bolsa diňe on müňe golaýyny tanap bilýärler.
- Itleriň dili: Itleriň öz «dili» bar — guýruk silkmek, gulak ýagdaýy we beýleki beden signallaryny ulanyp, duýgularyny we niýetlerini beýan edip bilerler.
- Itleriň wepalylygy: Itler wepalylygyň nyşanydyr. Islendik ýerde eýesini yzarlamaga we iň soňuna çenli goramaga taýyn.
- Itler we saz: Itler aýdym-sazy gowy görýän ýaly, ýöne islegleri dürli bolup biler. Käbir synaglar köp itleriň nusgawy sazy halaýandyklaryny we oňa ýuwaşlyk bilen jogap berýändigini görkezýär.
- Itler we çagalar: Itler çagalaryň sosial ukyplaryny ösdürip, öwrenmäge kömek edip biler. Itleriň töwereginde bolmak çagalara jogapkärçiligi, duýgudaşlygy we aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge kömek edip biler.
- Itiň ýaşy: Itiň ömründe bir ýyl ýedi adam ýylyna deň diýilýär, ýöne bu düýbünden takyk däl. Itiň ýaşy tohuma we ululyga bagly: kiçi itler iri itlerden has haýal garraýarlar.
- 10. Itleriň düýşi: Adamlar ýaly itler hem düýş görýärler. Uky wagtynda edýän hereketlerine we seslerine syn etmek bilen, gündizki başdan geçirmelerini çaklamak mümkin.
- Itler we aýnalar: Itleriň köpüsi aýnada özüni tanap bilmeýärler. Primatlaryň we delfinleriň käbir görnüşlerinden tapawutlylykda itler aýna seredende özüni tanamak alamatlaryny görkezmeýärler.
- Itler we depressiýa: Itler edil adamlar ýaly depressiýadan ejir çekip bilerler. Alamatlar işjeňligiň peselmegini, işdäň ýitmegini we özüni alyp barşyň üýtgemegini öz içine alyp biler.
- Itler we älemgoşar: Itler dünýäni bizden başgaça görýärler. Az reňkleri saýgarýarlar we hemme zady gök, sary reňklerde görýärler. Gyzyl we ýaşyl reňler olara birmeňzeş bolup görnüp biler.
- Itler we wagt duýgusy: Itler wagt duýgusyna eýedir. Iýmitlenmegiň ýa-da gezelenç etmegiň wagtynyň gelendigini bilýärler, hatda gündelik işleri bozulan halatynda stres ýagdaýyna girip bilerler.
- Itiň ýylgyryşy: Köp itler bagtly bolanda dodaklarynyň ujuny galdyryp, dişlerini görkezip “ýylgyrýarlar”. Emma käbir ýagdaýlarda stresiň ýa-da gorkynyň alamaty bolup biljekdigine düşünmek möhümdir.
- Halas ediji itler: Halas ediş işlerinde itler möhüm rol oýnaýar. Bir ýoly yzarlamak ukyby sebäpli ýitirim bolanlary gözlemäge, polisiýada işlemäge we tebigy betbagtçylyklarda kömek bermäge ukyplydyr.
- It aktýorlary: Itler uly ekranyň ýyldyzlaryna öwrülýärler. Rin Tin Tin atly it Golliwudyň ilkinji ýyldyzlaryndan biri bolup, “Warner Brothers”-i bankrotdan halas etdi.
- Itleriň iýmitlenmegi: Itler hemme zatdyr, ýöne iýmitleri deňagramly bolmaly we beloklary, uglewodlary, witaminleri we minerallary öz içine almalydyr. Şokolad we awokado ýaly käbir iýmitler itlere zäherlidir.
Agaberdi Sarwanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby