VIII-XX asyrlarda kagyz önümçiligi Orta Aziýanyň Samarkant, Balh, Termez, Buhara, Amul, Merw, Hyrat, Köneürgenç, Kokant, Daşkent we Aşgabat ýaly şäherlerine ýaýrapdyr. Medeni merkezlerinde kagyzlaryň birnäçe nusgasy öndürilipdir. Birinji nusgasy ýüpegiň galyndysyndan taýýarlanypdyr. Kagyzyň ikinji nusgasy, ýüpegiň süýümlerine deň möçberde kenep süýümlerini goşup taýýarlapdyrlar. Ýüpege kenepden başga kendir ýa-da zygyr ösümlikleriniň süýümleri-de goşulýardy. Kagyzyň üçünji nusgasy pagtadan we eski nah mata garyndysyndan taýarlanypdyr. Kagyz adamzat taryhyndaky iň möhüm oýlap tapyşlaryň biri.
Hytaýda kagyzyň oýlanyp tapylmagynyň ähmiýetini häzirki döwürde internetiň döreýşi bilen deňeşdirip bolar. Çünki bu açyş hat-ýazuwyň ýaýrawynyň giňemegine, neşirýat-çaphana işiniň ýeňilleşmegine, sowatlylygyň artmagyna, ylym-bilimiň ösmegine itergi berdi. Ondan soňky döwürlerde bolsa kagyzyň ulanylyşynyň gerimi has-da giňedi. Bu gün kagyz iş ýerlerimizde we öýlerimizde iň köp ulanylýan serişdeleriň biridir. Bilermenler, dünýä möçberinde alanyňda, her ýylda 400 million tonna golaý kagyzyň peýdalanylýandygyny aýdýarlar. Nagt pullar, hasaplaşyk çekleri, ýazuw depderleri, kitaplar, karton gaplar, azyk saklanýan torbajyklar.
Bularyň ählisi kagyzdan taýýarlanylýar. Kagyz önümleriniň aglaba bölegi gysga wagtlyk ýa-da bir gezeklik peýdalanylýar. Kagyz önümçiliginde, esasan, pürli agaçlar peýdalanylýar. Ýaprakly agaçlardan bolsa ewkalipt ulanylýar. Agaçlar sellýuloza süýümlerinden ybarat bolup, olary «lignin» diýlip atlandyrylýan tebigy ýelim birleşdirýär. Önümçiligiň ilkinji tapgyrynda agaçdan şol ýelim aýrylýar. Soňra süýümleriň düzümindäki sellýuloza böleklenilip, natriý gidroksidinde we sulfidinde gaýnadylýar. Emele gelen maddanyň reňkini agartmak üçin oňa hloruň dioksidi goşulýar… Gepiň gysgasy, kagyz önümçiliginiň her tapgyrynda köp möçberde suw harçlanýar. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, A3 ölçegindäki kagyzyň bir ýapragyny taýýarlamak üçin 13 litre golaý suw sarp edilýär. Kagyz senagaty üçin her ýylda 100 million gektardan gowrak meýdany eýeleýän tokaýlar çapylýar.
Açilow Roman
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby


