Pitaýa ýa-da pitahaya, Hylocereus we Stenocereus görnüşlerinden dürli kaktus görnüşleriniň miweleriniň umumy ady. Iňlis dilinde bu miweleriň umumy ady dragon fruit («aždarha miwesi«).
Bu urugyň görnüşleriň epifit lian görnüşli kaktuslardyr. Olar Meksikada, merkezi we günorta Amerikada ýaýran.Olaryň köpsine iri ýakymly ysly ak güller mahsus. Häzirki döwürde köp döwletlerde günorta-gündogar Aziýada şeýle-de, Gawaýada, Ysraýylda we demirgazyk Awstraliýada bu miweleriň köpsi senagatda kultiwasiýalaşdyrylýar.
Miwesi ýumşak gabykly, ýapraga meňzeş ösüntgiler bilen örtülendir. Daşky görnüşi boýunça pitaýa gyzyl ýa-da sary bolup biler. Gyzyl pitaýanyň ak ýa-da gyzyl eti bar. Gyzyl reňkli miweleri ösdürip ýetişdirmek has kyn we şonuň üçin olar seýrek duşýar, gyzyl reňkli miweleriň tagamy akdan has güýçlidir. Pitaýany gysanyňda aňsatlyk bilen zeper ýetýär we şonuň üçin daşamak kyn bolýar. Miwäniň tagamyny kiwi tagamy bilen, gurluşy bolsa injiriň gurluşy bilen takmynan deňeşdirilýär, ýöne şonda-da ysy beýle güýçli däl.
Pitaýa, gurak tropiki, howa şertlerinde ýaşamaga uýgunlaşandyr. Mundan başga-da, baldaklara üýtgeşik bir görnüş berip, bezeg kompozisiýalaryny döretmek üçin olary birleşdirip, öý ösümligi hökmünde ösdürip bolýar. Öý ideginde ösümlik öňküsi ýaly däl-de, çalt ösýär. Ösüşiň başynda gögeriş aýda 5 sm çenli ösüp biler. Dogry ideg edilip, otagda amatly mikroklimat döredilende miwäni gunçaladyp bolýar. Miwe gülleýäninden 30-50 gün soň daňylýar, käwagt ýylda 5-6-a çenli hasyl bolýar. Wýetnamdaky käbir fermalar her gektardan 30 tonna çenli öndürýär.
Miwe gülleýäninden 30-50 gün soň daňylýar, käwagt ýylda 5-6 tapgyra çenli hasyl berip bilýär. Wýetnamdaky käbir fermalar her gektardan 30 tonna çenli pitaýa öndürýärler.
Pitahaýanyň Peýdasy:
Pitahaýanyň kaloriýasy az, düzüminde beloklar, suw, fosfor, kalsiý, demir, C witamini, PP, B1 (tiamin), B2 (riboflawin), B3 (niasin) bar. Soňky lukmançylyk gözleglerinden soň bu miwe has özüne çekdi. Olaryň pikiriçe, pitahaýanyň ulanylmagy aşgazan agyrysyndan dynmaga kömek edýär. Mundan başga-da, bu miwe süýji keseli ýa-da başga bir endokrin kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Miwe süýji keseli üçin peýdaly we ýürek-damar we immun ulgamlaryna oňyn täsir edýär.
Pitahaýanyň Zyýany:
Gyzyl gabykly pitahaýa köp mukdarda iýilende, peşewiň psewdogematuriýa ýagny gyzarmagy bolup biler. Pitahaýa ekzotik iýmit hasaplanýar, şonuň üçin köp mukdarda iýmek içgeçmä, ýürek bulanmagyna ýa-da allergiýa sebäp bolup biler. Munuň ýüze çykmazlygy üçin lukmanlar ilki bilen bedeniň reaksiýasyny barlamak üçin bu miwäniň ownuk bölegini iýmegi maslahat berýärler. Mundan başga-da, ýaş çagalara pitahaýa bermek maslahat berilmeýär, sebäbi diatez we beýleki ýakymsyz ýagdaýlara sebäp bolup biler.
Soltanjemal Hudaýberdiýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl ýyl talyby