Jübi telefon ýygy-ýygydan ulanmak ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar, esasanam arterial gipertenziýa, kä halatlarda gipertoniýa hem diýilýär. Bu maglumaty “Izwestiýa“ neşirinde kardiolog we lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ksenia Ýeruslanowa salgylanyp habar berilýär.Ýeruslanowanyň pikiriçe, gözlegleriň dowamlylygy bilen, umuman, hepdede 30 minutdan gowrak gürleşilende gipertoniýa döremek howpy ýokarlanýar. Bu görkeziji näçe uly bolsa, kesel töwekgelçiligi şonça-da ýokarydyr. Bu esasanam, “adamyň 24/7 töweregi aragatnaşykda bolmak bilen başdan geçirýän stresleri bilen baglanyşykly bolsa gerek. Bilşiňiz ýaly, ýürek-damar keselleriniň ösmegi üçin stres aýgytlaýjy töwekgelçilik faktorlaryndan biridir” -diýip belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, iş ýerinde öýjükli telefonlary ýygy-ýygydan ulanýan adamlaryň iş bilen şahsy wagtyň arasyndaky araçäkleri aýyrýandygyny aýtdy. Bu hemişe alada we streslere sebäp bolýar. Telefon jaňlarynyň bedene ýaramaz täsirini azaltmak üçin Ýeruslanowa bu ýumuşa sarp edilen wagty gözegçilik etmegi maslahat berdi.Özüňize jübi telefonsyz ” dymmak wagtyny ” belläň. Mysal üçin, nahar wagtynda ýa-da dynç alýan wagtyňyz bolup biler. Gijelerine telefonlaryňyzy sessize düzüp bilersiňiz, şonda gelýän jaňlar ýa-da habarlar ekranda görünmez diýip belledi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



