Okamak adamy batyr edýär. Kitap okan adamyň özüne has uly ynamy bolýar. Sebäbi kitapdan alan bilimleri oňa kömek edýär we daş-töweregiňizdäki hereketler sizde gowy täsir galdyrýar. Ýagny, kitap okaýan adam öz pikirlerini owadan, açyk-aýdyň beýan etmäge mümkinçilik alýar. Birnäçe nusgawy edebiýatlary okanyndan soň adamda gürlemek sungatynyň ösendigini duýup bolýar. Sizi has hem güýçli edýär.
Kitap okamagyň netijesinde ýat we pikirlenmek ukyplary ösýär. Sebäbi kitap okanymyzda diňe ekrandaky bir suratdan beýlekisine geçmeýäris, eserdäki gahrymanlaryñ aýtýan sözleri, özüni alyp baryşy, pikirleniş usullary okyjynyñ añyna siñýär.
Eger adam bilimi diňe başgalary kemsitmek we öz üstünligini subut etmek üçin ulansa, bu akyldarlykdan düýbünden tapawutlanýar. Bu hili adam köplenç bir tema çuňňur düşünýändirin öýdýär, emma başgalaryň garaýşyny, tejribesini, bilimini äsgermezlik edýär. Ol özüni «bilimli» ýa-da «paýhasly» hasaplap, beýleki adamlara «jahyl, bilimsiz, düşünjesiz ‘bu tema barada näçe kitap okadyň?’» diýýär.
Kitap okaýan adamlaryň söz baýlygy giñ bolýar
Sebäbi kitap okanyňda gündelik durmuşda ulanylmaýan sözlere duş gelinýär. Bu sözüň manysyny sözlükden gözlemek hökman däl, sebäbi sözüň manysy kitabyň umumy mazmunyndan görmek bolýar. Şeýlelik bilen, okamak diňe bir söz baýlygyny artdyrman, eýsem adam bilimini hem artdyrýar.
Okamagyň maksady dünýäni has giň nukdaýnazardan aňlamakdyr, oňa akyl ýetirmekdir. Munuň üçin adamlaryň pikirini, tejribesini we bilimini sylap, ony kabul etmeli. Emma adam başgalaryň pikirini we dünýägaraýşyny ret etse ýa-da kemsitse, köplenç ol öz biliminiň we düşünjesiniň çäklidigine düşünmeýär.Okamak beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Şeýlelik bilen adam gowy gürleşip we adamlarda gowy täsir galdyryp bilýär.
Okamak stressi peseldýär
Stress häzirki döwürde adamlaryň esasy meselesine öwrüldi. Kitabyň tekstiniň baýlygy we ritmi adam ruhuny köşeşdirmek, stresden dynmak we ünsüňi sowmak häsiýetine eýedir. Esasanam uklamazdan ozal kitap okamak has hem peýdaly. Bilimlilik – bilimimizi başgalara hormat we düşünje bilen paýlaşmagy, öz pikiriňi açyk aýtmagy we mundan beýläk hem öwrenmegi talap edýär. Kitabyň sahypalaryndaky maglumatdan has wajyby bolsa, şol maglumaty nädip ulanýandygymyzdyr. Biz bilimi ulanyp, başgalary kemsimeli däl-de gaýtam, ony başgalara düşünmek we kömek etmek üçin ulanmaly.
GURBANOW ATAGELDI
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby


