Aktinidiýa urugynyň miwelerini Kiwi diýip atlandyrýarlar. Uly agaçjymak lianlaryň watany Hytaý hasaplanylýar. XX asyryň başlarynda aktinidiýanyň miwelerini Täze Zelandiýada ösdürip başlaýarlar we täze zelandiýaly seçgiçi A.Ellison kiwi guşunyň bedeni bilen meňzedip bu ösümlige “kiwi” diýip at goýýar, şol bir wagtda bu guş Täze Zelandiýanyň nyşanydyr. Häzirki wagtda kiwi Italiýada, Täze Zelandiýada, Çilide we Gresiýada ösdürip ýetişdirilýär.
Kiwi miwesi bedenimiz üçin zerur bolan witaminleriň, minerallaryň we mikroelementleriň ammarydyr. Bu miwe ýürek we gan damaryna, aşgazan içege ulgamlaryna we endokrin ulgamlaryna peýdaly täsir edýär. Mundan başga-da kiwi antioksidant bolup deriniň, saçyň, dyrnagyň we agyz boşlugyň ýagdaýyny tebigy taýdan gowulaşdyrmaga ýardam edýär.
Kiwi-ýaşlygyň we gözelligiň çeşmesidir. Ol A we E witaminlerini saklaýar, miwelerde köp mukdarda kaliý saklanýar. Gan basyşyny kadalaşdyrýar we gan ýygnanmak howpuny peseldýär.
Dünýä Bazarbaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby