Kokkoloba ýa-da deňiz üzümi Greçihalar maşgalasynyň Kokkoloba urugyna degişli bolan, tropiki Amerikanyň Karib deňziniň kenarýaka sebitlerinde, Florida we Bermuda adalarynda ösýän uly bolmadyk gök öwüsýän agaçlaryň bir görnüşidir. Bu agaç, bir topar üzümi ýada salýan tegelek miweleri barlygy sebäpli halk arasynda “Deňiz üzümi” diýlip atlandyrylýar. Onuň ýaşaýşynyň dowamlylygy 55-60 ýyl. Hemişe gök öwüsýän miweli agaç, ýabany tebigatda 2-8 metr beýiklige ýetýär, köplenç birnäçe şahasy bolýar.
Ösümlik örän maýyşgak bolup, şertlere baglylykda bir sütünli bolup ösüp, 15-17 metre çenli beýiklige ýetip biler, emma köplenç 8 m-den ýokary bolmadyk köp sütünli agaç ýaly ösýär. Gabygy ýylmanak, goňrumtyl-sary reňklidir. Ýapraklary bitewi, iri, diametri 20-25 santimetr, ýalpyldawuk, dykyz, giň ýumurtga şekillidir.
Ýagtylyk ýeterlik bolanda, ýapraklarda agaja görk berýän gülgüne-gyzyl damarlar peýda bolýar. Ýapraklar açylanda bürünç reňkde bolýar we soň zeýtun ýaşyl reňke geçýär, köne ýapraklar käwagt tutuş gyzyl reňkde bolýar. Ösümlik iki öýli, atalyk we enelik nusgalary bar. Onuň ownuk sarymtyl, örän hoşboý ysly gülleri salkym görnüşli gül toplumyny emele getirýär. Kokkoloba oňat bal berýän ösümlik hasaplanýar. Arylar bilen tozanlanandan soň, enelik nusgalarynda diametri takmynan 2 sm bolan üzüme meňzeş muskat tagamly inçejik gatlak bilen gurşalan iri tohumly iýilýän miweler emele gelýär. Miweler bişensoň, gyrmyzy-gülgüne reňk alýar. Her hoşada 40-a çenli süýji we turşy miwesi bolup biler. Olary ter ýagdaýda iýmekde, žele taýýarlamakda peýdalanmak bolýar. Ösümligiň gabygy bokurdak kesellerini, kökleri dizenteriýany bejermekde ulanylýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby