Gara ýollaryň, demir ýollaryň gyrasynda biten kömelekleriň hem, edil zäherli kömelekler ýaly, saglyga howp salýandygyny ýatda saklamaly. Oňa zäherli kömelegiň iýilmegi we iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanmagy sebäp bolýar.
Kömelekler meýdanda garyşyk ösýärler. Olaryň zäherli we zähersiz görnüşi bolýar. Kömelekleriň arasynda göze görnüp duran tapawut ýok diýen ýaly, ýöne siňe syn etseň, olary tapawutlandyryp bolýar. Zäherli kömeleklere mahsus bolan käbir aýratynlyklar bar. Kömelegiň sütüni inçeden uzyn, telpejikleri iýilýän kömelekleriňkä garanyňda, ýukarak bolýar, telpejikleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden daşrak we ýazgyn ýerleşýär, reňki sary, gyzyl, açyk bolýar.
Kömelek çöpläniňde, örän ünsli bolmaly
Kömelekden zäherlenmäniň ilkinji alamatlary birnäçe sagat geçenden soňra ýüze çykyp başlaýar.Ähli zäherlenmede bolşy ýaly, ilki bilen, garyn boşlugynda güýçli agyry, gaýtarmak we içgeçme peýda bolýar. Şeýle alamatlar ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly. Eger lukmana ýüz tutman, dert ötüşdirilse, zäherlenen adamyň ysgyndan gaçyp, güýçli derläp, agyz boşlugynda köp mukdarda tüýkülik ýygnanmagyna, ýüreginiň haýal urmagyna, gan basyşynyň pese düşmegine getirip biler. Derdiň agyrlaşmagy netijesinde näsagyň halynyň beterläp, dürli gaýraüzülmelere getirmegi mümkin. Lukmana ýüz tutulanda, bejeriş işleri zäherlenmäniň görnüşine görä geçirilýär. Zäherlenme näçe çalt we öz wagtynda duýulsa, ýüze çykyp biläýjek hadysalaryň öňüni almak ýeňil düşýär. Kömeleklere mahsus bolan ýene-de bir häsiýet adam bedeninde allergiýa döretmegidir. Muňa telpekli kömelekleriň köpeliş tozanjyklary sebäp bolýar.
Ýer ýüzünde kömelekleriň Panellus, Sezar kömelegi, Klawariýa kömelegi, Rodotus…. ýaly birnäçe täsin görnüşleri bar. Kömelekler iýilýän, şertli iýilýän we iýilmeýän hem-de zäherli görnüşlere bölünýär. Iýilýän kömelekler ak kömelekdir. Olary akyp duran suwuň astynda ýekän-ýekän ýuwmaly. Soňra bişirilmeginiň öňüsyrasy bir gezek gaýnadyp, suwuny dökmeli.
Kömelegiň örän tiz zaýalanýan azyk önümlerine degişlidigi üçin ol ýyglyp alnandan soň, hatda sowadyjyda hem bir günden artyk saklamak maslahat berilmeýär.
DURDYMÄDOW GURBANMÄT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby