Emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen RAM (dessine ýat) bahalary asmana galýarka, kompýuter enjamlaryna bolan bu basyş ulanyjylary dürli gözleglere itýär. Enjamlaryň bahasynyň aşa gymmatlamagy tehnologiýa muşdaklarynyň kellesinde şeýle bir sorag döredýär: Kompýuter hakykatdan-da RAM bolmazdan işläp bilermi? Bu sorag eşidişine mümkin däl ýaly bolup görünse-de, tehniki taýdan gaty gyzykly bir synaga ýol açdy.
YouTube ulanyjysy PortalRunner, soňky wideosynda bu ýagdaýy hakykatda barlap görmek üçin işe girişdi. Synagyň netijesine garaşýanlar üçin gysgaça aýtsak; hawa, tehniki taýdan bu mümkin. Ýöne amaly taýdan netijeler diýseň kynçylykly.
Enjamlaryň çägini synap görmek

PortalRunner ilki bilen kompýuteri mümkin boldugyça iň az RAM möçberi bilen işletmäge synanyşdy. Bu tapgyrda, operasion ulgamy ägirt uly “çalyşma faýlyny” (swap file) ulanmaga mejbur etdi. Ýagny, aslynda RAM-da durmaly maglumatlar göni gaty diske ýazyldy. Kompýuterler onsuz hem RAM ýetmezçilik edende bu usuly ulanýarlar, emma disk tizligi ýadyň tizliginden has yza galýandygy sebäpli, ýüze çykan öndürijilik ýitgisi sabyr käsesini doldurjak derejededi. Köne wideo kartalaryndaky VRAM-lary ulgam ýady hökmünde ulanmak synanyşygy hem şowsuz tamamlandy.
Esasy üns çekiji ädim bolsa göni prosessora (CPU) gönükdirildi. Prosessorlar, RAM-dan has çalt işleýän we “Keş” (cache) diýlip atlandyrylýan kiçijik ýat bölümlerine eýedir. Nazaryýet taýdan kompýutere diňe şu keş ulanmagy buýrup bilersiňiz. Emma bu ýerde sygym meselesi ýüze çykýar. Häzirki zaman we güýçli prosessorlarda hem keşiň ähli gatlaklary jemlenende, bary-ýogy 100 MB töweregi ýer çykýar. 2026-njy ýylyň programma üpjünçiligi dünýäsinde bu möçber hiç zat diýmegi aňladýar.
Geçmişe dolanmak we tehniki böwetler
RAM bölümlerini doly öçürmek üçin esasy platanyň BIOS sazlamalaryny hem üýtgetmek zerur. PortalRunner häzirki zaman UEFI ulgamlaryň şeýle gatyşmalara rugsat bermeýändigini görüp, ünsüni 2009-njy ýylda öndürilen köne esasy plata gönükdirdi. Birnäçe şowsuz synanyşykdan we hatardan çykan enjamlardan soň, programmany göni prosessoryň keşde işletmegi başardy.
Bu çäkli giňişlikde bir zatlar işletmek, edil 1980-nji ýyllaryň programma üpjünçiligi dünýäsine dolanmak ýalydy. ASCII nyşanlary bilen döredilen ýönekeý grafikalar we setir-setir optimizirlenen kodlar netijesinde meşhur “Snake” (Ýylan) oýny oýnaldy.
Netijede; eger eliňizde laýyk BIOS çipi bolan köne enjam we çuňňur programma üpjünçiligi bilimiňiz bar bolsa, RAM bazaryndaky gymmatçylyga garşy çykyp bu usuly synap bilersiňiz. Emma aljak netijäňiziň hiç hem gowy bolmajagyny ýatdan çykarmasaňyz gowy bolar.


