Künjiniň esasy watany Aziýa we Afrikadyr. Künji-Sesamum indiсum birýyllyk otjumak ösümlik. Künji ok köküne eýe ösümlik, köki topraga 1 m çuňluga çenli ösüp bilýär. Baldagy dikligine ösýän, uzynlygy 1,2-1,5m, aşak egilen tüýjagazly.
Gapdal şahalary 3-den artyk bolman, esasy baldagyň iň aşaky bogunlaryndan peýda bolýarlar. Bu ýagdaýda baldak egilen görnüşde bolýar. Baldagy we şahalary tüýjümek bolýar. Üsti tüýsüz görnüşleri hem bardyr
Ýapraklary — sapakly, plastinkalary tekiz, bütinleý esasy damara çenli böleklenen, adaty ýapraklary gysgarak, has tekiz bolýar. Ýokarky ýarsynda ýapraklary inçeden uzyn, gyrasy tekiz hemme şekilleri birmeňzeş bolýar.
Gülleri — ýapraklaryň goltugynda, gül täji turba şekilli, azyrak dogry däl, sarymtyl reňkde, mawy we purpur reňkli gülleri hem duş gelýär. Dört sany tiçinkasy bar, ikisi beýlekilerden uzynrak, iýun we iýul aýlarynda güllerýär, awgust-sentýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär.
Gülleri 4 santimetr uzynlykda bolup, gysgajyk gül oýmajykda oturýarlar. Olar ýapraklaryň goltugyndan ýeke-ýekeden peýda bolýarlar. Künjiniň gül okarajygy uly däl, ösen 5-8 dişli, gür tüýli.
Miwesi — uzynrak dört ýa-da sekizgranly goza, köpsanly tohumly. Gozasynyň uzynlygy ortaça 3,5 sm, aşagy togalak şekilli, ýokarsy konus şekilli. Bir ösümlikde 100-150 goza çenli bolup biler. Bir gozada 70-80 tohum bolup biler. Tohumlary maýda, ýalpak, reňki ak, çal, goňur ýa-da gara bolup biler.
Künjiniň tohumynyň düzüminde ýagyň mukdary örän ýokary. Ösdürip ýetişdirilýän ýerine, sortyna baglylykda 60% ýag, 20% belok, 16% ereýän uglewodlar bardyr.
Antioksidantlardan esasy gamma-tokoferol (witamin E) we lignanlar (sezamin, sezamolin) bardyr. Gemrijilerde geçirilen tejribelerde görkezişi ýaly künji bagryň ýagly distrofiýasynyň öňüni alýar, organizmde lipid çalyşygyny kadalaşdyrýar, witamin E-nyň antioksidant täsirini ýokarlandyrýar we garramagy haýalladýar.
Düzüminde kalsiý saklaýyşy boýunça künji köp sanly peýnirlerden hem ýokarda durýar. 100 gram arassalanmadyk künji tohumy düzüminde ortaça 975 mg kalsiý saklaýar. Şu sebäpden hem organizme kalsiý ýetişmezçiliginde kabul edilýän ösümlikleriň biridir. Emma daşky gabygyndan arassalanan künjiniň düzüminde kalsiý 10 esseden hem köpräk az saklanýar ýagny, 100 gramynda 60 mg.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby