Künji ýagy, çig ýa-da gowrulan künji tohumyndan sykylyp alynýan önümdir. Künji (Sesamum indicum) iýilýän tohumlary üçin ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler topary bolan Pedaliaceae maşgalasyna degişlidir. Tropiki, subtropiki we günorta howa şertleri bolan köp ýurtda ösdürilip ýetişdirilýär. Dürli görnüşine baglylykda, künji beýikligi 0,5-2,5 m ösýär. Tohumlary guran wagtynda açylýan uly bolmadyk gozalarda ýerleşýär. Gabykly tohumlar adatça krem ýa-da merjen ak reňkli we uzynlygy 3mm töweregi.
Künji ýagynyň reňki açyk sarydan goňur reňkde bolýar
Onda ýakymly hozuň ysy we azajyk ajy bilen ýakymly tagam bar. Çig tohumdan alnan ýag köplenç bişirmek üçin ter görnüşinde ulanylýar, gowrulan tohumlardan alnan ýag bolsa tagam beriji hökmünde ulanylýar. Şeýle hem ýüz we saç üçin dürli kosmetika serişdelerine goşulýar we halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.
Künji ýagy deriniň we saçyň saglygyna oňyn täsir edýän möhüm iýmitleriň çeşmesidir. Onda lizine, triptofana we metionine baý beloklar, şeýle hem A, C, E, PP witaminleri (nikotin kislotasy) we B topary bar.
Ýüz üçin peýdalary: deri öýjüklerini güýçlendirmek we günden, zeperlerden goramak, iýmitlendirmek, derini ýumşatmak, garramaga we sowuklama garşy täsirlere we gözenekleri düýpli arassalamak häsiýetlerine eýedir.
Saç üçin peýdalary: Saç üçin artykmaçlyk antibakterial hereket, agressiw daşky gurşaw faktorlaryndan, irki garramaga sebäp bolýan erkin radikallardan ybaratdyr. Künji ýagy saçyň ösmegini gowulandyrmaga, derini nemlendirmäge we iýmitlendirmäge, goraýjy örtük döretmäge we gurak hem-de zeper ýeten saçlary gaýtadan dikeltmäge kömek edýär. Şeýle hem saçyň dökülmegi, kepegiň döremegi we uçlaryň bölünmegi üçin täsirli serişdedir.
Güne ýanmagy, gözüň töweregindäki çişleri, ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriň, örgünleriň, gara nokatlaryň, düwürtikleriň ilkinji alamatlaryny ýeňip geçip biler.
Künji ýagyny ulanmaga hiç hili garşylyk ýok, emma aýratyn zerurlyklary göz öňünde tutmak möhümdir;
Künji ýagynyň kaloriýasy we ýokumlylygy
1 nahar çemçesi künji ýagynda:
- 120 kkal
- 13,6 g K witamini
- 1,9 g doýgun ýag kislotalary
Künji ýagynda antioksidantlar we ýürek saglygyna peýdaly, artrit alamatlaryny azaldyp, ýaralary we ýanmalary bejermäge kömek edip biljek beýleki ösümlik birleşmeleri bar.
Künji ýagynda holesterini azaldýan ýokumly maddalar bar we tebigy antioksidantlar sezamol we sezaminol öýjükleri erkin radikallardan goraýar. Künji ýagy, köp ösümlik ýaglary ýaly, esasan ýag kislotalaryny, esasanam Omega-6 we Omega-9, şeýle hem E witamini, lignanlar we antioksidantlar sezamol we sezamolini öz içine alýar.
Garaýewa Ogulbike,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby