Makalalar

LIRIKI KYSYMYŇ GÖRNÜŞLERI

Liriki eserlerde epiki eserlerdäki ýaly gahrymanlaryň belli bir döwür içindäki gapma-garşylykly hereketleri, bitewilikde alnan durmuş wakalary yzygider suratlandyrylmaýar. Lirika durmuş wakalarynyň täsiri bilen liriki gahrymanda emele gelen duýgy, pikir beýan edilyär, ol hem gös-göni liriki gahrymanyň öz adyndan aýdylýar. Liriki eserler özlerinin temasy we beýan edýän ideýa mazmunynyň hasiýeti boýunça gömüşlere bölünyär.

LÄLE – Läleler türkmen aýal-gyzlary tarapyndan döredilen we olaryň aýry-aýry taryhy döwürlerde öz durmuşlary, kysmatlary bilen baglylykda ýüze çykan duýgularyny, arzuwlaryny, pikirlerini beýan edýän liriki eserlerdir. Läleler liriki kysymyň iň kiçi görnüşlerindendir. Her bir läle köplenç dört, käte alty setirli bir bent şygyrdan ybarat bolýar. Şol bir bentde gelin ýa-da gyz özüniň belli bir ýagdaý sebäpli dörän duýgusyny, joşgunyny ýüze çykarýar.

MONJUG ATDY – Esasan aýal-gyzlar tarapyndan döredilýän monjugatdylar täze ýyl gelende, ýaz aýlarynda aýal-gyzlar käte oglanlar tarapyndan aydylypdyr. Monjugatdylar gyzyň ýa-da oglanyň söygüsiniň, maşgala durmuşynyň, ykbalynyň geljekde nähili boljakdygyny sanamak bilen baglylykda dörän şahyrana eserdir. Monjuk atyşma üýşyänler orta suwly gap goyup, oňa hersi öz monjugyny atýar…

HÜWDI – Hüwdi hem läleler ýaly aýal-gyzlar tarapyndan döredilýän we aydylýan halk döredijiliginin bir görnüşidir. Hüwdüler çaga durmuşy bilen baglanyşykly bolup, ene ýa-da çaganyň aýal dogany kiçijik çagany hüwdülände, özüniň oňa bolan söygi, guwanç duygularyny, arzuwlaryny beýan edýär.

AÝDYM – Aýdym lirikanyň iň populýar (meşhur) görnüşlerinden biridir. Liriki eserlerin saz bilen bilelikde aydylýanyna aýdym diýilýär. Aýdymlaryň saz bilen aydylýanlygy bolaýmasa, lirikanyň beýleki görnüşlerinden belli-külli tapawutlanýan özboluşly tarapy ýokdur. Ýöne aýdymlaryň kabir liriki eserlerden möçberi taýyndan tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Liriki eserlerin käbiri bir, käbiri on-on bäş bentden, liriki poemalar bolsa ondan-da köp bentden ybarat bolýarlar. Aýdymyň möçberi dört-bäş bent töweregi bolýar.

ILKINJI GAZET HAÇAN PEÝDA BOLDY?

ODA – Oda grek sözi bolup, aýdym diýmegi aňladýar. Görnükli iş eden aýratyn bir taryhy şahsy ýa-da halky, halkyň taryhyndaky şöhratly wakalary dabaraly häsiyetde wasp edýän liriki şygra oda diýilýär. Oňa öňki döwürde kasyda hem diýlipdir. Magtymgulynyň “Türkmeniň”, Keminäniň “Orazym” we ş. m. goşgulary odadyr.

ELEGIÝA – Gynançly, gaýgyly goşgulara elegiýa diýilýär. Magtymgulynyň

“Bolarmy”, Seydiniň “Hoş indi”, “Lebap hoş indi”, “Begnazarym” … goşgulary

elegiýadyr.

Leýla Bazarowa

Boldumsaz etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň

türkmen dili we edebiýaty mugallymy

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın