Kanadanyň “Medtech” kompaniýasy NuraLogix, Las Wegasda geçirilen “CES 2024”-de adamyň ýüzüne seredip, onuň kesellerini kesgitläp bilýän “Anura MagicMirror” aýnasyny döretdi. Mail.ru-nyň berýän habaryna görä, oýlap tapyş, adamyň ýüzüni, deriniň aşagyndaky käbir gan damarlaryny gözden geçirýär we alnan maglumatlara esaslanyp onlarça keseliň alamatlaryny kesgitleýär.
“Anura MagicMirror” 21,5 dýuým ekran, kameralar we beýleki datçikler hem-de iş stoly bilen enjamlaşdyrylan. Ilki bilen gan aýlanyşyny seljerip, adamyň ýüzüni gözden geçirýär. Öndürijiniň pikiriçe, “jadyly aýna” gan basyşy, ýürek urşunyň üýtgemegi, impulsyň tizligi, dem alyş tizligi we deriniň ýaşy barada maglumat berip bilýär. Şeýle hem, enjam süýji keseli, ýürek keseli, insult, gipertoniýa, bagyr keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygynyň barlygyny kesgitläp bilýär.
Enjam şeýle hem adamyň ýüzünde alada we depressiýa alamatlaryny kesgitleýär. Seljerme işi bary-ýogy 30 sekunt dowam edýär. “Anura MagicMirror” hassahananyň garaşylýan otaglarynda ulanmak we ýeke özi ýaşaýan uly ýaşly adamlar üçin hödürlenýär.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby