Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda erkana we bagtyýar ýaşaýan halkymyz şöhratly ýyllary dowam etdirjek ýene bir täze ýyla — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna gadam basdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň — «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň elimize gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpasynyň beýikliginiň, görnükli şahyrymyzyň mertebesiniň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgin bilen has-da beýgeljekdiginiň subutnamasydyr.
Pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belende götermekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly tagallalary edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda mynasyp orun eýeleýändigini beýan edýän bu kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr.
Akmuradow Serdar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby