Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry hem-de filosofy, türkmen edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet çäreleri diýarymyzda giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döreden şirin şygry türkmen halkymyzyň ruhuny galkyndyrdy.
Gündogaryň beýik danasy, poeziýa äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary adamzadyň kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň arasynda ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler eriş – argaç bolup durýar. Akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär.
Akyldar şahyrymyzyň ylhamynyň önümi bolan goşgulary süňňündäki nakyla çalymdaş has sazlaşykly, akgynly pähim-parasatlar halkyň baý tejribe mekdebiniň şahyrana beýanydyr.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby