Magtymguly Pyragynyň goşgulary
Magtymguly Pyragynyň gahrymaçlyk, edermenlik, Watançylyk, durmuşy, öwüt-nesihat, ahlak, yşk söýgi hakynda we ondan başga-da birnäçe temada ýazan goşgulary bar. Beýik Pyragynyň “Türkmeniň” atly şygry türkmen tebigatyny, türkmen ýigitlerini we gözellerini şeýle-de türkmen halkynyň gahrymançylygyny we Garaşsyzlyk baradaky taglymatlaryny suratlandyrýar. “Gürgeniň” atly goşgusynda şahyryň önüp-ösen topragy, janly tebigaty, ynsanlar we haýwanat dünýäsi şekillendirilýär. Bu goşgy şahyryň önüp-ösen topragyna bolan söýgüsini alamatlandyrýan ýeke-täk eseri däl. Şahyryň şeýle-de, “Gözlär men”, “Hasar dagyndadyr” ýaly goşgulary hem bar. Şahyrymyzyň yşk söýgi meselesini gozgaýan şygyrlary özüniň ajaýyplygy, päkligi we ýürekdeşligi bilen bütin ýaş nesliň hemrasy bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň mertlik, gahrymançylyk barada ýazan eserleriniň biri-de “Depe nedir, düz nedir”diýen şygrydyr. Bu şygrynda şahyr kemsiz ýetişen, batyr ýigitleriň başarnygyny ýedi ýaşan arap atynyň güýç kuwwatyna deňeýär. Şahyryň “Mert bolmaz” diýen goşgusynda mertler bilen namartlar deňeşdirilýär. Watançy Magtymguly edermen ýigitlere gahrymançylyk görkezip, ýurdunyň öz milletiniň ar-namysyny goramagy sargaýar.
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň elýazmalary we köne neşirleri Türkmenistanda, London, Stambul, Moskwa, Sank-Peterburg, Leýpsig, Daşkent, Samarkant, Buhara, Gürgen, Almata, Baku, Kazan, Ufa, Stawrapol ýaly şaherlerde saklanylýar.
Altyn Hudaýbergenowa
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi