Häzirki döwürde biotehnologiýa ylmy dünýäde iň çalt ösýän ugurlaryň biridir. Ol diňe bir oba hojalygynda däl, eýsem tebigaty goramakda hem möhüm orun eýeleýär. Maldarçylykda biotehnologiýalaryň orny bolsa, genetiki ösüşi, saglygy goragy we täzeden dikeldiş ýaly ugurlarda özüni giňden görkezýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler dünýäniň köp ýurtlarynda mallaryň neslini saklamakda, ýok bolmak howpy abanýan görnüşleri täzeden dikeltmekde we dürli kesellere garşy netijeli çäreleri görmäge mümkinçilik berýär.
Genetiki dikeldiş we klonirleme usullary
Maldarçylykda biotehnologiýalaryň iň uly üstünlikleriniň biri genetiki dikeldiş, ýagny klonirleme tehnologiýasydyr. Bu ugurda ilkinji üstünlik 1996-njy ýylda Şotlandiýada dünýä gelen “Dolly” goýny bilen başlanýar. Şondan bäri alymlar bu tehnologiýany dürli haýwan görnüşlerinde üstünlikli ulanýarlar. Klonirleme arkaly ýok bolmak howpy abanýan haýwanlaryň populýasiýasy artdyrylýar. Şeýle-de, genetiki maglumatlaryň saklanmagy we geljekki nesiller üçin degişli görnüşleriň dikeldilmegi üçin bu usul örän möhüm hasaplanylýar.
Haýwan kesellerine garşy biotehnologik çözgütler
Biotehnologiýalaryň haýwan saglygyny goramakda hem uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda DNK analizleri arkaly mallaryň irki tapgyrlarda kesellere bolan meýilliligini anyklamak mümkin. Şeýlelikde, öňüni alyş çäreleri wagtynda görülýär. Şeýle-de, täze görnüşli biotehnologik sanjymlar we immunoterapiýalar taýýarlanylyp, mallaryň we guşlaryň arasynda giňden ulanylýar. Bu çäreler oba hojalygynda önümçilige ýetirýän zyýany azaldyp, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hem biotehnologiýalaryň maldarçylyk ulgamynda orny giňelýär. Türkmen alymlary we talyplary bu ugurda dürli ylmy barlaglary alyp barýarlar. Hususan-da, mallaryň tohum aýratynlyklaryny ösdürmek, süýt we et öndürijiligini ýokarlandyrmak, kesellere durnuklylygy güýçlendirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de, molekulýar biologiýa we genetika barlaghanalarynda halkara tejribelere esaslanyp ylmy işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşine ýardam berýär.
Biotehnologiýalar maldarçylyk pudagynda ylmy ösüşleriň täze eýýamyny açdy diýmek hem ýalňyşmarys. Ol diňe bir genetiki täzeleniş däl, eýsem ekologiýa durnuklylygynyň hem möhüm bölegine öwrülýär. Geljekde bu ugurda alnyp barylýan işler arkaly haýwanlaryň saglygyny, nesil arassalygyny we biologik köpdürlüligi gorap saklamak has-da mümkinçilik berer.
Begenjowa Şükür,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby




