Häzirki zaman weterinariýasynyň iň takyk usullarynyň biri Polimeraza zynjyrly reaksiýasydyr (PSR). Bu usul patogeniň (wirusyň ýa-da bakteriýanyň) DNK-syny ýa-da RNK-syny gysga wagtyň içinde anyklamaga mümkinçilik berýär.
- Irki anyklaýyş: Keseliň kliniki alamatlary ýüze çykmazdan ozal, gozgatyjynyň ujyply mukdaryny hem tapyp bilýär.
- Genotipirleme: Wirusyň haýsy ştama degişlidigini anyklamak we onuň mutasiýalaryna gözegçilik etmek üçin sekwenirleme usullary ulanylýar.
- Aýratynlygy: Bu usul ýokary spesiifikalygy bilen tapawutlanyp, nädogry diagnoz goýulma ähtimallygyny peseldýär.
Immunologiki we Immunoferment barlaglary (IFA)
Immunoferment analizi (IFA) mallaryň ganyndaky antitelalary we antigenleri anyklamakda esasy usul bolup galýar. Bu usulyýet maldarçylyk hojalyklarynda dowamly gözegçilik (monitoring) geçirmek üçin örän amatlydyr.
- Antitela gözegçiligi: Mallaryň öň öňünden sanjym (waksinasiýa) alandygyny ýa-da keseli geçirip, immunitetiniň emele gelendigini barlamaga kömek edýär.
- Ekspress-testler: Häzirki wagtda “immunohromatografiýa” esasynda taýýarlanan dermanhana testleri (test-poloskalar) arkaly dälanyň özünde, birnäçe minudyň içinde brutsellyoz, fers we beýleki ýokanç keselleri anyklamak mümkindir.
Sanly tehnologiýalar we Bio-sensorlar orny
Häzirki zaman maldarçylygynda “Akylly ferma” konsepsiýasynyň çäginde mallaryň saglygyna sanly ulgamlar arkaly gözegçilik edilýär. Bu usul keseli dörän pursadynda (pre-kliniki döwürde) duýmaga mümkinçilik berýär.
- Bio-sensorlar: Mallaryň gulagyna, aýagyna ýa-da aşkazanyna (bolus) dakylýan sensorlar mallaryň beden temperaturasyny, hereketini we iýmitlenişini 24/7 tertipde yzarlaýar.
- Emeli intellekt (AI): Ýörite programmalar mallaryň ýöreýşindäki we gylygyndaky üýtgeşmeleri analiz edip, keselçilik töwekgelçiligi barada weterinara öňünden habar berýär.
- Termografiýa: Infragyzyl kameralar arkaly malyň bedenindäki gyzgynlygyň ýokarlanmagyny (çişme ýerlerini) galtaşmasyz anyklap bolýar.
Wizual anyklaýyşyň instrumental usullary (UZI we Endoskopiýa)
Mallaryň içki kesellerini, hirurgiki we akuşerçilik meselelerini anyklamakda instrumental usullar has-da kämilleşdirildi.
- Ultrases barlagy (UZI): Mallarda göwreliligi irki döwürde anyklamakdan başlap, bagyr, böwrek we ýürek keselleriniň morfologiki üýtgeşmelerini anyklamakda giňden ulanylýar.
- Endoskopiýa: Giriş ýollary arkaly (dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ulgamy) içki agzalaryň ýagdaýyny gönüden-göni wideo-şekil arkaly görmek we gistologiki barlag üçin nusga (biopsiýa) almak mümkinçiligini berýär.
- Rentgenografiýa: Döwrebap sanly rentgen enjamlary sünk-bogun ulgamynyň şikeslerini we öýken kesellerini çalt we takyk suratlandyrýar.
Gammargulyyew Ylham
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3nji ýyl talaby


