Mangostin — miweleriň ykrar edilen şasydyr. Iň süýji bolan bu miwäniň uly bolmadyk
göwrümi ortaça ululykdaky mandarin bilen deňeşdirilýär. Emma tagamy boýunça
mangostin ananas, mango, erik, ýertudana we şetdaly ýaly miweleriň tagamyna
çalymdaşdyr. Emma onuň tagamy hiç bir miwede duýulmaýar. Şwed alymy E. Mebergiň
bellemegine görä, bu miwäniň hakyky tagamyny anyklamaga synanyşmagyň özi bir
şowsuzlykdyr.
Mangostiniň miwesiniň çigidiniň bolmazlygy iýilen mahaly has hem ýakymly duýulýar.
Onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly bolan witaminleriň we minerallaryň has köp
bölegi duş gelýär. Alymlar mangostiniň yzygider iýmit hökmünde ulanylmagy immun
ulgamyny berkidýändigini we düwnük öýjükleriniň döremeginiň öňüni alýandygyny subut
etdiler. Ol Braziliýada, Kambojide, Hindistanda we Wýetnamda ösüp ýetişýär. Emma ony
adatça, Taýlandyň iň süýji miwesine degişli edýärler. Bu ýurtda mangostin aýtmaklaryna
görä, her bir giper söwda merkezlerinde ýa-da ýerli bazarlarynda duş gelýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby