Ata-babalarymyzdan ýaşan döwründen bäri türkmen maşgalasyndan her bir adamyň tutýan orny biri-birinden tapawutlanýar. Türkmen maşgalasynda ata ata ýerinde, ene ene ýerinde, uly uly ýerinde, kiçi kiçi ýerinde öz ornuny tapandyr. Bu ýagdaý oguz zamanyndan bäri dowam edýändir. Muny türkmen halkynyň halk döredijilik eserleriniň islendik görnüşinde görmek bolýar.
Ata-babalarymyzdan bäri türkmen maşgalasynda atanyň tutýan orny aýratyn tapawutlanypdyr. Ol maşgalabaşy hökmünde maşgalanyň goragyny öz üstüne alypdyr. Türkmençilikde ata maşgalada beýik hormat eýesi bolupdyr, ol maşgalanyň daýanjy, öýüň tagty hökmünde görlüpdir. Ony sylamak, hormatlamak, adyny, mertebesini belent tutmak maşgalanyň her bir agzasy üçin borç bolupdyr. Atanyň ýüzüne gelmek, oňa hormatsyzlyk etmek agyr günä hasaplanypdyr we olar jemgyýet tarapyndan ýazgarylypdyr.
Ýetginjek ýaşyna ýeten oglan perzendiň fiziki we estetiki terbiýesini, esasan ata öz üstüne alypdyr. Ogul perzende ok atmak, gylyç urmak ýaly harby tälimleri öwretmek bilen birlikde, oňa ruhy-intellektual terbiýe hem berlipdir. Kemala gelip barýan çagada Watana, il-güne söýgi duýgulary kemala getirilipdir. “Ýigit egsilmez ruhy baýlygyň eýesi bolmalydyr, onuň gylyç tutýan berdaşly elleri gopuzy hem saýradyp bilmelidir” diýen ýörelgeden ugur alnypdyr.
Oguz türkmen ýigidi üçin namys, gaýrat, ilkinji nobatda, öz maşgalasyna bolan gatnaşykdan başlanypdyr. Ýigidiň mertebesi maşgalasynyň adyny, hak-hukugyny, namysyny goraýyş başarnygy bilen ölçelipdir.
Türkmen maşgalaşynda enäniň hem özboluşly tutýan orny bolupdyr. Oguz türkmen ilinde maşgalanyň baş sütüni bolan enäniň hakyna Taňrynyň haky hökmünde garalypdyr. Ene-de döredijidir, ol dünýä perzent indirýär. Oňa janyndan jan berýär. Perzent enesiniň halal hem mukaddes süýdi bilen, ene-atasyny, öýüne, il-ýurduna wepaly ynsan bolup ýetişýär. Mukaddes ene süýdi kähalatlarda perzendiň ölüm pursadynda hem onuň dadyna ýetişýär.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde hem ata-enäniň aýdany-aýdan, diýeni-diýen. Olaryň sözleri biz ýaşlar üçin maşgalada esasy kanun hasaplanýar. Goý, olaryň janlary sag bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby