Mineral dökünleri özüniň himiki düzümi we gelip çykyşy boýunça azotly, fosforly, kaliýli, çylşyrymly we mikrodökünlere bölmek bolar.
Azot dökünleri: Azot dökünleri öndürlende köp halatlarada howanyň molekulyar azody bilen wodorody birleşdirip ilkibada ammiak alynýar we soňra ony azot kislotasynyň we ammonynyň
duzlarynyň täsiri bilen ösümlik üçin elýeter görnüşde dürli azot dökünleri alynýar. Azot dökünleriniň öran köp görnüşleri bolup olardan esasylary ammiak selitrasy, karbamid, sulfatly we hlorly ammoniniň we beýlekilerdir. Olar suwda gowy ereýärler, toprak olary gowşak kabul edýär. Şonuň üçin olaryň toprakdan ýuwulyp gitmeginiň öňüni almak üçin olary güýz sürümiň öňünden ulanmak bolmaýar, olar bilen ösümlikler ösüp otyrka gosmaça iýmitlendirmek gerek.
Fosfor dökünleri: Fosfor edil azot ýaly ösümlikleriň iýmitlenmeginde esasy rol oýnap, ähli beloklaryň düzümine girýär.Muny azot ýaly howadan alyp bolmaýar, diňe topraga dökünleri dökmek usuly boýunça ösümlikleri üpjün edip bolýar. Fosfor dökunleriniň esaslary superfosfat we fosforit uny,şeýle-de çylşyrymly fosfor dökünleri ammosfoska, nitroammofos, nitrpofoska, ammofos we beýlekilerdir.Fosfor dökünlerini suwda ereýjiligi boýunça iki topara bolýärler:
- Suwda gowy ereýän we ösümlikler ony toprakdan örän oňat kabul edýärler.
- Suwda eremeýän fosfor dökünleri, meselem fosforituny su häsiýetleri göz öňünde tutup ulanylýar.
Fosfor kislotasy toprakda köp hereket etmeýär, sonuň üçin fosfor dökünlerini ösümligiň köküne ýakyn dökmeli. Fosfor dökünleriniiň oňat kabul edip alýan kösükli ekinlerdir (ýorunja we beýlekiler).
Kaliý dökünleri: Kaliý ýaş ösümlikleriň düzüminde, onuň täze öserlerinde, öýjüklerinde köp toplanyp uglewodlaryň güýçli emele gelmegine täsir edýär. Birnäçe köki miweli ösümliklere (şugundyr, käşir) kaliý örän köp gerek bolýar, güýzlik bugdaýyň ýagyş-ýagmyr, ýeliň täsiri astynda ýykylmazlygyna, sowuga
çydamlylygyna oňat täsir edýär. Türkmenistanda tebigy ýagdaýda, kaliý duzlarynyň ätiýaçlyk gorlary öran kändir, olary ownadylan görnüşde dökün hökmünde ulansaň bolar.
Myradow Allaberdi
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


