Guradylan miweleriň hemmesi diýen ýaly saglygyňyza peýdalydyr, ýöne olaryň arasynda hakyky çempionlary hem bar.
Olardan käbirleri:
Guradylan papaýa (gawun agajy)-tutuşlygyna bedeni güýçlendirýär, beloklaryň alyş çalşyny işjeňleşdirýär we işjeňligi ýokarlandyrýar.
Guradylan hurma-öndürijiligi ýokarlandyrýarlar we agyry kesiji hökmünde ulanylyp bilner, köp mukdarda witaminleri (B5, E, H) saklaýar we immunitet ulgamyny güýçlendirýär.
Guradylan armyt-bedenden toksinleri we agyr metallary aýyrýar we içegä gowy täsir edýär.
Erik kişdesi-kaliniň möhüm çeşmesi bolup, ýürege peýdaly täsir edýär we onkologik keselleriniň öňüni almak üçin ajaýyp serişdedir.
Injir-birnäçe peýdaly häsiýetlere eýedir. Ol galkan görnüşli mäziň işjeňligini kadalaşdyrýar, organizmden parazitleriň çykmagyna ýardan edýär we alternatiw lukmançylykda bronhit keselini bejermekde ulanylýar.
Guradylan garaly- aşgazan-içege ulgamynyň saglygyny goldamak üçin ajaýyp serişdedir. Gipertoniýadan ejir çekýänlere, ýürek, böwrek, bagyr bilen baglanyşykly kesellerde ýardam edýär, A witaminiň kömegi bilen göreji gowulaşdyrýar.
Guradylan ülje-erkin radikallaryň täsirini bitaraplaşdyrýar we derini ýaşartmakda täsir edýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby