Ýokary woltly elektrik liniýalaryndaky simler rezin izolýasiýa bilen gurşalan däldirler. Şeýle-de bolsa, bu simlerde oturan guşlara gündelik diýen ýaly duş gelýäris. Bu adaty ýagdaý, ýöne köplenç bilesigelijikli soragy döredýär. Näme üçin elektrik togy guşlara zyýan ýetirmeýärkä?
Jogap fizika bilen guş biologiýasynyň haýran galdyryjy utgaşmasyndadyr. Elektrik togunyň akmagy üçin elektrik potensialynyň (naprýaženiýasynyň) tapawudy gerek. Akyp duran suwy göz öňiňize getiriň. Iki nokatda suwuň derejesi deň bolsa, onda suw akmaz. Şonuň ýaly-da, guşuň aýaklarynyň simlere degýän nokatlarynyň arasyndaky naprýaženiýede tapawut ýok bolsa, onda onuň bedeninden tok geçmez.
Simdäki guş esasan, elektrik zynjyrynyň diňe bir nokadyna degýär. Iki aýagy hem bir simde, ýagny şol bir elektrik potensialyndadyr. Guşuň bedeninde naprýaženiýe tapawudynyň ýoklugy sebäpli, ondan güýçli tok geçmeýär. Muny merdiwan basgançagynda duran adama meňzedeliň – iki aýagy hem bir beýiklikde, şonuň üçin beýiklik tapawudy ýok.

Guşlaryň elektrik toguna has ýokary garşylygy bar. Olaryň gury deri we ýelekleri izolýator bolup, elektrik togunyň geçmegini hasam kynlaşdyrýar. Bu tebigy garşylyk, naprýaženiýe tapawudynyň ýoklugy bilen bilelikde olary howpdan goraýar.
Ýokary woltly liniýalaryň köpüsi rezin izolýasiýasyz bolsa-da, käbir pes woltly liniýalar (jaýlary elektrik tok bilen üpjün edilýän liniýalar ýaly) izolýasiýa edilýär. Izolýasiýa goşmaça gorag gatlagyny üpjün edýär, bu bolsa guşy elektrik togunyň urma ähtimallygyny peseldýär. Şeýle-de bolsa, izolýasiýa zeper ýetmegi elektrik tokly simleriň guşlar üçin howply bolmaga getirip biler.
Giň ganatly uly guşlar iki elektrik tokly simlere ýa-da tokly simiň bir jisime degmek ähtimallygyny has ýokarlandyrýar. Şonuň üçin kiçi guşlar bilen deňeşdirilende elektrik liniýalarynda uly guşlary köp görýän dälsiňiz.
Şeýlelik bilen, indiki gezek elektrik liniýasynda otyran guşy görseň, fizikanyň kanunlaryna garşy gelmeýändigini bilersiň. Bu ylym bilen tebigatyň haýran galdyryjy özara baglanyşygynyň subutnamasy bolup elektrik energiýasynyň ýörelgelerine düşünmegiň möhümdigini ýatladýar.
Mergen Gurbanazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 1-njy ýyl talyby


