Mawritan gazony — dürli gülli ösümlikleriň dänesiniň garyndysydyr. Mawritan gazony bir ýyllyk we köp ýyllyk otlara bölünýär, bularyň hemmesi ösümlik bölekleriniň garyndysyna baglydyr. Daşky görnüşi boýunça meňzeş, ýöne olaryň idegi dürlidir.
Birýyllyk Mawritan gazony –owadan gülleýän we inçe baldakly dänelileri öz içine alýar. Inçe baldaklylara: çemenlik gyrtyç, birýyllyk gyrtyç, birýyllyk we öri raýgras we ş.m. degişlidir. Adatça, käbir talaplara laýyk gelýän gül garyndysyna 10-15 ösümlik görnüşi goşulýar: ösümlikleriň beýikligi 30-50 sm-den geçmeli däl, şahalanmaly däl we gülleme möwsümi uzak bolmaly. Gülleme möhleti baharyň ortalaryndan we güýzüne çenli dowam edýän ösümlikleri saýlamak maslahat berilýär.
Delfinium, kalendula, hrizantema, ýabany zygyr, gök daşkekre we müşkliler, nigella, hytaý gwozdikasy, gyzyl ýa-da gök zygyr ýaly ösümlikler gazonyň bu görnüşi üçin örän gowy gabat gelýär. Mawritan gazonyna ideg etmek: topragy gowşatmak, yzygiderli suwarmak, haşal otlary aýyrmak we ösümlikleri hepdede iýmitlendirmegi öz içine alýar.
Köpýyllyk Mawritan gazony— bezeg gül ösümlikleriniň we däneli otlaryň tohum garyndylaryndan durýar. Hoşboý ysly zubrowka we briza ösümliklerini ulanmak gazony has nepis edip biler. Adatça awgust ýa-da sentýabr aýlarynda gülleriň tohumlary doly sepilenden soň, gazony kesmek maslahat berilýär. Orum işleri topragyň üstünden 8-10 sm beýiklikde amala aşyrylýar. Köp ýyllyk gazonlar köp ýyllyk ösümlikler ösmezden ozal kesilýär. Olary iýun aýynda, bahar ösümlikleri gülini dökenden soň we oktýabr aýynda, güýz gülleri gülini dökenden soňra kesip bolýar. Tohumlaryň indiki ýyl ýene ösmegi üçin ýetişmegine we dökülmegine ýol berilmelidir. Şeýle-de bolsa, nahallary her ýyl ekmeli we bir ýyllyk ösümlikleriň tohumlaryny ekmelidir.
Maral Otuzowa
Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby