Içki audit oba hojalygynda kärhananyň öz işleriniň, maliýe we operasiýa işleriniň düzgünli we netijeli alnyp barylýandygyny barlamak üçin amala aşyrylýar. Içki audit, esasan, içerki işgärler ýa-da bu işe jogapkär bolan hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Oba hojalygynda içki audit arkaly ekiş, ekin meýdanlary, mallaryň saklanyşy, serişdeler we maliýe hasabatlary seljerilýär. Bu ulgam, oba hojalygy kärhanalarynda işleriň düzgünli alnyp barylýandygyny üpjün edýär we geljekki çykdajylaryň netijeli dolandyrylmagyna ýardam berýär.
Içki auditde köplenç şu çäreler görülýär:
- Hasabatlaryň takyklygyny barlamak
- Çykdajylaryň we girdejileriň düzgünli hasaba alynandygyny barlamak
- Fermer hojalygy işleriniň planlaşdyrylandygy ýaly netijeliligi seljermek
- Daşarky audit üçin taýýarlyk işlerini amala aşyrmak
Daşarky audit düşünjesi we onuň ähmiýeti
Daşarky audit, oba hojalyk kärhanasyna degişli bolmadyk, garaşsyz audit işgärleri tarapyndan geçirilýär. Bu audit görnüşi kärhananyň maliýe hasabatlarynyň dogrulygyny we dolandyryş düzgünleriniň halkara ýa-da ýerli standartlara laýyklygyny barlamaga gönükdirilýär.
Oba hojalygynda daşarky audit şu maksatlar üçin ulanylýar:
-Hasaplaryň we maliýe maglumatlarynyň takyklygyny üpjün etmek
-Fermer hojalyklaryna kredit berýän banklar ýa-da döwlet edaralary üçin maglumatlary tassyklamak
-Maliýe we operasiýa howplaryny azaltmak
-Oba hojalyk kärhanalarynyň işiniň aç-açanlygyny üpjün etmek
Içki we daşarky auditleriň utgaşdyrylmagy
Içki we daşarky auditleriň bilelikde ulanylmagy oba hojalygynda maliýe we operasiýa dolandyryşyny has netijeli edýär. Içki audit meseleleri öňünden anyklap, düzediş çärelerini amala aşyrsa, daşarky audit kärhananyň maglumatlarynyň doly we dogry bolandygyny tassyklap berýär. Bu utgaşdyrylan ulgam maliýe netijeliligini ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we geljekki taslamalary has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Audit mümkinçilikleriniň artykmaçlyklary
-Oba hojalyk kärhanalarynda maliýe we operasiýa maglumatlarynyň dogrulygyny üpjün edýär
-Geljekki maliýe planlaşdyryş we dolandyryş işlerini ýeňilleşdirýär
-Daşarky audit arkaly bazarda ynam we bäsdeşlik artyýar
-Içki audit arkaly işleriň takyk seljerilmegi we howplaryň azaldylmagy üpjün edilýär
Içki we daşarky audit mümkinçilikleri oba hojalygynda maliýe, önümçilik we operasiýa dolandyryşyny kämilleşdirmäge, netijeliligi ýokarlandyrmaga we oba hojalyk kärhanalarynyň işiniň aç-açanlygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşýar.
Gurbannepesow Altymyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlamak ugrunyň 3-nji ýyl talyby


