Oba hojalygy islendik ýurduň ykdysadyýetinde möhüm pudaklaryň biridir. Bu pudaga goýulýan maýa goýumlary önümçiligiň möçberini artdyrmaga, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de önümçilik çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Maýa goýumlarynyň kömegi bilen döwrebap tehnikalar, suwaryş ulgamlary we ýokary hasyl berýän tohumlar ulanylyp başlanýar. Netijede oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýokarlanýar we ýurduň ykdysady ösüşine oňyn täsir edýär.
Maýa goýumlarynyň öndürijiligi ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti
Oba hojalygyna goýulýan maýa goýumlary önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Mysal üçin, döwrebap traktorlaryň, kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy işiň tizligini hem-de hilini ýokarlandyrýar. Şeýle hem döwrebap suwaryş we dökün tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýerleriň has netijeli ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý bolsa bir gektardan alynýan hasyly artdyrýar we ykdysady taýdan peýdaly netijeleri berýär.
Oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmekde maýa goýumlarynyň roly
Maýa goýumlary diňe önümçiligi ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem oba ýerlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine hem ýardam edýär. Täze oba hojalyk kärhanalarynyň gurulmagy, gaýtadan işleýän zawodlaryň açylmagy we hyzmat ulgamynyň giňelmegi ýerli ilaty iş bilen üpjün edýär. Şeýle ýagdaý oba ýerleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrýar hem-de ykdysady ösüşe goşant goşýar.
Oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek
Oba hojalygyna goýulýan maýa goýumlary ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we halkara standartlaryna laýyk önümçilik usullarynyň girizilmegi eksport mümkinçiliklerini giňeldýär. Netijede ýurt daşary ýurt bazarlaryna has köp oba hojalyk önümlerini çykaryp biler. Bu ýagdaý daşary ýurt walýutasynyň gelmegini üpjün edýär we umumy ykdysady ösüşe uly täsir edýär.
Halmyradow Orazmyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby


