Mekgejöweniň halk hojalygynda ähmiýeti, ýaýran ýerleri
Mekgejöwen möhüm dänelik we ot-iýmlik ekinleriň biridir. Şeýle-de tehniki ähmiýetli ekindir. Dünýäde öndürilýän mekgejöwen dänesiniň 20 göterime golaýy azyk, 15-20 göterimi — tehniki, ⅔ bölegi-de mallara ot-iýmlik üçin ulanylýar. Mekgejöweniň dänesinde 9-12 göterim belok, 4-8 göterim ýag, 65-70 göterim krahmal we beýleki azotsyz birleşmeler bardyr. Dänasinden un, ýarma alynýar, patrak taýýarlanylar. Mekgejöwen dänesini gaýtadan işläp süýji-köke önümleri, tort, şokolad, süyji içgiler öndürilýär. Onuñ dänesiniň ot-iýmlik hili has ýokary bolýar. 1 kilogram dänäniň ot-iým birligi 1,34-e deňdir. Mekgejöwen ähli oba hojalyk mallary üçin ýokary hilli ot-iýmdir. Ony süýtlenme-tümmül, tümmül döwürlerinde golçury bilen bilelikde ýa-da aýratynlykda silos edýärler. Mekgejöwen silosynyň 100 kilogramynda 21-28 ot-iým birligi we 1,8 kilogram özleşdirilýän belok saklanýar. Onuň ýapraklary, baldaklary ter görnüşinde gök ot-iým bolup hyzmat edýär. Mekgejöwen silosyna kösükli ekinleri garyp, örän ýokumly, beloga baý ot-iým taýýarlanýar.
Mekgejöweniň gelip çykyşy we ulgamýeti
Mekgejöwen has gadymy zamanlardan bäri ekilip gelinýän ekin. Ol Zea mays L. Gyrtyçlar Poaseae maşgalasyna degişli. Urugy -Zea L, oňa diňe bir görnüş Zea mays L. (2n = 20) — mekgejöwen degişli. Tebigy we emeli seçginiň netijesinde şu bir görnüşiň köpdürli görnüşçeleri, nusgalary,şekilleri döräpdir. Mekgejöweniň ulgamýeti giňden öwrenilipdir. Startewant tarapyndan mekgejöweniň düýpli ulgamýeti düzülipdir. Ol mekgejöweniň ulgamýetiniň esasy alamaty edip, dänede endospermiň şekiliniň aýratynlygyny we enelik gülüň (golçuryň) başjagazynda teňňejikleriň ösüşiniň tapawudyny esasy alamat hökmünde kabul edipdir.
Öwezgeldiýew Döwlet
Türkmen oba hojalyk instituty 3-nji ýyl talyby