Amerikaly alymlaryň pikiriçe, okamak diňe bir lezzet üçin däl, eýsem akyl ukyby üçin hem peýdalydyr. Alty ýyllap üç ýüz sany uly ýaşly adamy synladylar. Mundan başga-da, alymlar olaryň ömrüniň dowamynda intellektual işjeňligi barada maglumatlary ýygnadylar.
Alymlar geçmiş baradaky maglumatlar bilen deňeşdireniňde, garrylyk döwründe intellektiň peselmeginiň çagalyk, ýetginjeklik we ululykdaky intellektual işjeňlige gönüden-göni baglydygyny anykladylar. Çagalykdan bäri köp okaýan we ýazan adamlaryň aň-düşünje ukyplary has haýal azaldy. Olar garrylyk döwründe hem intellektual meseleleri has gowy çözýärdiler.
Başga bir gözlegiň netijesine görä, garrylyk döwründe kitap okamak iş we epizodiki ýatkeşligi gowulandyryp biler. Iş ýady häzirki meseleleriň ýadydyr. Mysal üçin, söwda sanawy we gün üçin meýilnamalar. Epizodiki ýat durmuş wakalaryny, gatnaşyjylary we olar bilen baglanyşykly duýgulary öz içine alýar.
Gözlegde iki sany uly ýaşly adam gatnaşdy. Olaryň biri 8 hepdäniň dowamynda her gün kitap okaýar, beýlekisi tapmaçalary çözýär. Kitaplar, gatnaşyjylara okamak üçin gyzykly bolar ýaly saýlandy. Netijede, okan topar, tapmaçalary çözýän topar bilen deňeşdirilende işlemekde we epizodiki ýatkeşlikde ep-esli artykmaçlyk görkezdi.
Ilamanowa Ejegül
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


