Okamak diňlemekden has peýdaly diýen pikir bar. Şeýle-de bolsa, ilatyň bir bölegi kitap okamak bilen olary diňlemegiň arasynda hiç hili tapawut görmeýär.
Bu mowzuga düşünmek üçin beýniniň iki prosese nähili jogap berýändigini anyklamaly. Ine, alymlaryň okamak we diňlemek hakda aýdýanlary.
Berkeli şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň işgärleri bu meseläni 2019-njy ýylda öwrendiler.Maglumatlary has gowy özleşdirmek üçin jogap gözlediler. Görnüşi ýaly, tapawut beýle bir uly däl eken, sebäbi diňlemek we okamak deň derejede ünslüligi talap edýär.
Has gowusy haýsy?
Diňlemek hakyky wagtda düşünmek endiklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Alymlar okamagy wizual iş bilen baglanyşdyrýarlar we beýni şekilleri we wideolary tekste seredende has aňsat kabul edýändigini aýdýarlar.
Haýsy çalt?
Alymlar maglumatlaryň çalt özleşdirilýändigini anyklamaga synanyşyp, bularyň hemmesi adamyň aýratyn häsiýetlerine bagly diýen netijä geldiler. Emma şonda-da okamagy makul bildiler — ýönekeý arifmetika. Ortaça, uly adam minutda 300 söz okap bilýär. Gepleşik wagtynda bir adam elýeterli görnüşde maglumat bermek üçin minutda 160 sözden köp gürlemeýär.Şeýle-de bolsa, alymlar, okamagyň daşary ýurt dilini öwrenmekde täsirlidigini aýdýarlar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby