Müňlerçe musulmanyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan mukaddes Remezan aýy ýakynlaşýar. 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda başlanjak bu mübärek aý, diňe bir aç galmak däl, eýsem ruhy we fiziki taýdan arassalanmak üçin uly mümkinçilikdir. Eýsem, agyz beklemek bedene nähili täsir edýär? Kimler oraza tutmaly däl? Diş arassalamak ýa-da suwa düşmek bolýarmy?
- Lukmanlaryň gözünden: Agyz beklemegiň bedene 5 möhüm peýdasy
- Kimler agyz beklemeli, kimlere rugsat berilmeýär?
- 🛑 Orazada ýygy-ýygydan berilýän soraglar (Dogry we Ýalňyşlar)
- Suwa düşmek we diş arassalamak bolýarmy?
- Bilmän iýip-içseň oraza bozulýarmy?
- Dermanlar we sanjymlar (Ukol) oraza bozýarmy?
- Naharyň duzuny dadyp görmek bolýarmy?
- 📅 2026-njy ýylyň doly Oraza we namaz wagtlary (Ýükläp alyň)
Ine, türkmen hajylarynyň, dini alymlaryň we lukmanlaryň maslahatlary esasynda taýýarlanan giňişleýin Gorogly.com Oraza gollanmasy.
Lukmanlaryň gözünden: Agyz beklemegiň bedene 5 möhüm peýdasy
Häzirki zaman lukmançylyk ylmy, agyz beklemegiň ynsan saglygyna oňyn täsirini tassyklaýar. Nemes alymlarynyň we ýerli lukmanlaryň barlaglaryna görä, oraza tutmagyň esasy peýdalary şulardyr:
- Organlaryň Dynç Almagy: Iýmit siňdiriş ulgamy, aşgazan, bagyr we içegeler 8-16 sagatlap dynç alýar. Bu bolsa bedeniň özüni dikeltmegine kömek edýär.
- Zyýanly maddalardan arassalanmak (Detoks): Beden 11 aýyň dowamynda ýygnanan zyýanly ýaglary eredip, “zibillerden” we toksinlerden arassalanýar.
- Immuniteti güýçlendirmek: Agyz beklenende beden ähli güýjüni zyýanly mikroblardan dynmaga we taplanmaga gönükdirýär.
- Gan basyşy we şeker: Damarlaryň gatamagy, ýüregagyry we gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly näsazlyklardan goramaga kömek edýär.
- Endokrin ulgamy: Agyz bekleme endokrin mäzleriniň işine oňaýly täsir edýär we alyş-çalyş ýagdaýlaryny (metabolizmi) kadalaşdyrýar.
Kimler agyz beklemeli, kimlere rugsat berilmeýär?
Oraza tutmak yslamyň bäş şertinden biri bolsa-da, dinimiz saglyga uly üns berýär.
Kimler tutmaly: Akyly-huşy ýerinde, beden taýdan sagdyn we 15 ýaşdan uly bolan ähli musulmanlar agyz beklemelidir.
Kimler tutmaly däl: Garrylar, ýaş çagalar, ruhy taýdan hassalar, dowamly stresse ýa-da çökgünlige düşenler, aşgazan-içege trakty agyr hassa bolanlar agyz beklemeli däldir. Şeýle hem göwreli ýa-da emdirýän eneler we uzak ýola çykan syýahatçylar üçin agyz beklemek hökman däldir.
Bellik: Agyr fiziki zähmet bilen meşgullanýanlar hem mümkin boldugyça oraza tutmalydyr. Ýöne jan saglygyna howp abanýan ýagdaýynda, kazasyny soň tutmak şerti bilen agyz açyp bilerler.
🛑 Orazada ýygy-ýygydan berilýän soraglar (Dogry we Ýalňyşlar)
Okyjylarymyzyň iň köp soraýan soraglaryna anyk jogaplar:
Suwa düşmek we diş arassalamak bolýarmy?
Hawa, bolýar. Diňe suwsuzlygy gandyrmak üçin däl-de, arassaçylyk üçin suwa düşülende ýa-da diş ýuwlanda, suw we pasta damaga gitmeli däldir. Suwa çümmek (basseýn/deňiz) maslahat berilmeýär, ýöne duş kabul etmek bolýar.
Bilmän iýip-içseň oraza bozulýarmy?
Ýok, bozulmaýar. Bilmän, ýadyňdan çykyp iýmek ýa-da içmek Allahyň size beren nygmaty hasaplanýar. Ýadyňyza düşen badyna iýmegi bes edip, agzyňyzy dowam etdirip bilersiňiz.
Dermanlar we sanjymlar (Ukol) oraza bozýarmy?
Iýmitlik gymmaty bolan sanjymlar, wena goýberilýän dermanlar agzy bozýar. Emma derä çalynýan melhemler (maz), göz damjalary we ys ysgamak agzy bozmaýar.
Naharyň duzuny dadyp görmek bolýarmy?
Nahary taýýarlaýan zenanlara (eger öýde agyz beklemedik başga biri ýok bolsa) naharyň duzuny diliniň ujy bilen dadyp görmäge rugsat berilýär, emma ýuwutmaly däldir.
📅 2026-njy ýylyň doly Oraza we namaz wagtlary (Ýükläp alyň)
Aşgabat, Mary, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlary üçin 2026-njy ýylyň takyk agyz beklemek we agzaçar wagtlaryny taýýarladyk. Aşakdaky baglanyşyga basyp, welaýatyňyzy saýlap bilersiňiz.


