Häzirki zaman oba hojalygy adamzadyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, tebigata ýetirýän täsirini hem göz öňünde tutmalydyr. Senagatlaşan ekerançylyk usullarynyň topraga, suwa we howa ýetirýän zyýany, şeýle hem himiki dökünleriň we pestisidleriň saglyga täsiri bilen bagly meseleler organiki ekerançylygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu usul diňe bir ekologiýany goramak bilen çäklenmän, adam saglygyna howpsuz we tebigy azyk önümleriniň öndürilmegine hem itergi berýär.
Organiki ekerançylyk tebigy ekosistemalaryň sazlaşygyny saklap, tebigy serişdeleri rejeli ulanmagy maksat edinýär. Onuň esasy ýörelgeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
- Himiki serişdeleriň ulanylmazlygy – mineral dökünleriň, pestisidleriň, gormonlaryň we geneti taýdan üýtgedilen organizmleriň (GMO) ulanmazlygy.
- Tebigy toprak bejergisi – topragyň berekedini saklamak üçin tebigy dökünler (guş we haýwan tezekleri, kompost, ýaşyl dökünler) ulanylýar.
- Çalyşyp ekmek – ekinleriň bir meýdanda yzygiderli ekilmeginiň öňüni almak arkaly topragyň öz-özüni dikeltmegine mümkinçilik döredilýär.
- Zyýankeşlere we kesellere garşy tebigy usullar – haýyrly mör-möjeklerden peýdalanmak, ekinleriň sazlaşykly ýerleşdirilmegi we beýleki biologiki usullar ulanylýar.
Organiki ekerançylygyň artykmaçlyklary
Bu ekerançylyk usulynyň birnäçe ekologik we ykdysady peýdalary bar. Ilki bilen, ol topragyň tebigy gurluşyny bozmazdan, onuň hümmetini saklamaga kömek edýär. Şeýle hem organiki ekerançylykda suwuň hapalanmagynyň öňi alynýar, sebäbi onda sintetiki himiki serişdeler ulanylmaýar. Mundan başga-da, organiki önümçilik ýerli biodürlüligi goramak bilen, tebigy ekosistemalaryň durnuklylygyny üpjün edýär.
Saglyk nukdaýnazaryndan seredilende, organiki ekerançylyk bilen öndürilen önümler adam bedenine zyýanly maddalaryň garyşmazlygyny üpjün edýär. Pestisidleriň ýoklugy, şeýle-de önümleriň genetiki taýdan üýtgedilmezligi olaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, bu önümler tebigy tagamy we ýokary hilli düzümli maddalary bilen tapawutlanýar.
Kynçylyklary we ösüş mümkinçilikleri
Organiki ekerançylygyň giňden ornaşdyrylmagy käbir kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr. Dürli zyýankeşlere we kesellere garşy tebigy usullar bilen göreşmek kyn bolup biler. Mundan başga-da, hasyllylygyň senagat usulynda öndürilen ekinlere garanyňda pes bolmagy mümkin. Emma täze agroekologik usullaryň ornaşdyrylmagy bilen bu meseleler çözülip bilner.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda organiki oba hojalygyny ösdürmek maksady bilen döwlet tarapyndan goldaw çäreleri amala aşyrylýar. Organiki sertifikasiýa ulgamlary we ekologik taýdan arassa önümleriň bazary giňelýär.
Organiki ekerançylyk diňe bir ekologiýany goramak bilen çäklenmän, adam saglygy üçin hem uly ähmiýete eýedir. Tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak, biodürlüligi goramak we sagdyn azyk önümçiligini ýola goýmak arkaly durnukly oba hojalygyna ýol açmak mümkindir. Şonuň üçin hem organiki ekerançylyk geljekde oba hojalygynyň möhüm ugruna öwrülmelidir.
Söhbet Setdarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi


