Nanýansk Tehnologiýa Uniwersitetiniň (NTU) Singapurly alymlary gaýtadan işlenen plastmassalardan — akril, PWH turbalaryndan we penopolistiroldan sowadyjy boýag öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu düzüm, olar bilen örtülen ýeriň temperaturasyny peseldýär.
Ylmy barlag topary plastik galyndylaryny bariý sulfaty bilen garyşdyrdy. Binanyň üçeginde 24 sagatlap geçirilen synagda boýag göni gün şöhlesine sezewar bolanda bejerilmediklere garanyňda 1,2°C sowady. Gijelerine örtügiň temperaturasy daşky gurşawyň temperaturasyndan 3°C pesdi.
Alymlaryň bellemegine görä, gaýtadan işlenen plastmassa gatlagy gün energiýasynyň takmynan 97,7%-ini yzyna serpikdirýär we infragyzyl diapazonda ýylylygyň 95% -ini dargadýar.
Şeýle hem alymlar gözenekli plastmassa örtük döredip, alternatiw usuly synagdan geçirdiler. Netijeler boýagyň ikinji wersiýasynyň gündiz zordan gyzýandygyny we daş-töwerekdäki temperatura bilen deňeşdirilende gije 2,5°C sowaýandygyny görkezdi.
Hünärmenler olaryň işiniň diňe binalary sowatmak üçin çykdajylary azaltman, eýsem plastik galyndylaryň mukdaryny hem azaltjakdygyny bellediler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby