Häzirki wagtda köpçülikleýin ýetişdirilýän pomidorlar köplenç palma agajynyň boýy ýaly has uly. Ýöne tebigy ýagdaýda ýüze çykan pomidorlaryň ata-babalary has kiçi miweli bolan. Azyk dükanlarynda duran owadan gyzyl reňkli pomidorlar bilen deňeşdireniňde öňki sort pomidorlar has süýji we tagamly. Soňky genetiki açyşlar köne we täze sort pomidorlaryň birigip täzeçe ajaýyp sortynyň döremegine tarap ýol açdy. Gözlegçiler CRISPR redaktirleme usullaryny ulanyp diňe iki geni sapmak arkaly, has süýji we tagamly häzirki zaman görnüşleri ýaly uly “mutant” pomidorlary döretdiler.
Hytaýyň Pekindäki Oba hojalyk Ylymlar akademiýasynyň genetik işgärleriniň ýolbaşçylygyndaky topary pomidor sortynyň şeker mukdaryny dolandyrýan geni Solanum likopersikumyny, kalsiý garaşly belok kinase 27 (SlCDPK27 ýa-da SlCPK27) we şuňa meňzeş SlCDPK26 kesgitlemek üçin CRISPR-Cas9 usulyny ulandy. Gözlegçileriň pikiriçe, bular pomidoryň sakroza öndürmek üçin jogapkär fermentleri peseldýär. Diňe iki geni işjeňleşdirmek bilen, täze sort umumy köpçülikleýin pomidorlara garanyňda 30 göterim köp glýukoza we fruktozaly miwe berýär. Mundan başga-da, şeýle etmek miwäniň ululygynyň ýa-da umumy mukdarynyň ölçenip bolmajak derejede üýtgemegine getirmedi.
Alymlaryň her ýyl dünýäde takmynan 205 million tonna pomidor öndürilip, köp sortlarynyň bolsa öz ata-babalaryndan 100 esse uludygyny belleýärler. Ýöne muňa goşmaça energiýa, maliýe we wagt çykdajylaryna sebäp bolýar. Iki izolirlenen gen beýleki ösümlik görnüşleriniň köpüsinde bolany üçin, şuňa meňzeş genetiki redaktirleme geljekde beýleki oba hojalyk ekinleriniň gowulaşmagyna kömek edip biler.
Leýli Jumaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-njy ýyl talyby



