Pul birligi bir döwletiň ýa-da toparçylygyň ykdysady gurluşynda esasy orun tutýän gurallaryň biri bolup durýar. Onuň döwletiň döwletara amallaryndan başlap, içerki bazaryň hereketine çenli giň we köptaraplaýyn täsiri bardyr. Pul birliginiň döwlet we döwletara ykdysady ösüşde oňyn we otrisatel täsirleri bar. Pul birligi, esasan, ykdysady ulgamda maliýe dolanyşygyň döremegini we durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Onuň esasy wezipesi şulardan ybarat. Pul birligi içerki we daşarky bazarlarda söwda we maýa goýum amallarynyň ýeňilleşdirilmeginde möhüm orun tutýar.
Gürrüňi edilýän birligiň drnuklylygy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine we ykdysadyýetiň ösmegine itergi berýär.Pul birligi, inflýasiýanyň derejelerini gözegjilik etmek arkaly bahalaryň durnuklylygyny saklamaga kömek edýär. Bu bolsa içerki bazaryň kuwwatlylygyny artdyrýar we sarp edijileriň ynamyny ýokarlandyrýar. Pul birligi döwletleriň ykdysady ösüşine dürli derejelerde täsir edip bilýär. Bu täsirler, esasan, ösüşe we dolandyryşa baglylykda iki görnüşde ýüze çykýar.Bir bitewi pul birligine geçmek döwletler arasynda söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrýar we ykdysady integrasiýany güýçlendirýär.
Durnukly pul birligi halkara maýa goýumçylaryň ynamyny gazanýar we täze mümkinçilikleriň açylmagyna itergi berýär.Ykdysady işjeňligiň ýokarlanmagy bilen täze iş ýerleri döredilýär we işsizlik derejesi peselýär. Emma ýene-de bir bellemeli zat pul birliginiň durnuklylygyny saklamak üçin güýçli maliýe dolandyryşynyň bolmagy gerek. Bolmadyk ýagdaýynda gowşak dolandyryş ykdysady çöküşe alyp gelip biler. Şol bir wagtyň özünde, döwletler öz milli ykdysadyýetleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda strategiýalaryny işläp düzmelidirler.Pul birligi ykdysady ösüşi höweslendirmekde we döwletleriň özara ykdysady integrasiýasyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Pul ulgamynyň durnuklylygy, ykdysady ösüşiň we halkyň abadançylygynyň esasy şertidir.
Aşyrowa Akjemal
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby