Pul ykdysady nazaryýetiň iň möhüm kategoriýalarynyň biridir. Ol alyş-çalyş gymmatyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Mälim bolşy ýaly, harydyň gymmaty önümçilikde döredilýär. Emma gymmat şol harydyň başga haryda deňeşdirilmegi arkaly alyş- çalyş gymmaty hökmünde ýüze çykýar. Munuň özi paltanyň öndürilmegi üçin-de dänäniň öndürilmegi üçin-de birmeňzeş ululykda zähmet sarp edilendigini aňladýar. Öz gymmatyny başga bir harydyň isleg ödeýiş gymmatynyň üsti bilen aňladýan haryt, ýagny biziň mysalymyzda palta, gymmatyň otnositel formasynda durýar.
Eger haryt gymmatyň otnositel formasynda durýan bolsa, ol alyş-çalyşda aktiw rol oýnaýar. Munuň tersine, ekwiwalent bolup hyzmat edýän haryda passiw rol degişlidir. Bu ýerde alyş-çalyş gymmatyň ýönekeý formasyndan başlap, tä pul formasyna çenli ösüş ýoluna ser salalyň. Haryt önümçiliginiň ilkinji ýüze çykan ýagdaýynda, alyş-çalyş tötänleýin amal edilipdir. Gadymy döwürlerde tötänleýin dörän artykmaç önümlerini öz aralarynda alşypdyrlar. Bu ýerde haýsy-dabolsa bir haryt, gös-göni başga bir haryda çalşylypdyr. Muňa gözýetirmek üçin ýokardaky getirilen mysalymyzy ýatlamak ýeterlikdirJemgyýetiň ösüşiniň dowamynda zähmet bölünişigi gitdigiçe çuňlaşýar.
Ilkidurmuş – jemgyýetjiliginde gurluşy mahalynda zähmetiň ilkinji iri jemgyýetçilik bölünişigi, ýagny maldarçylygyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagy bolup geçýär. Şonuň netijesinde harytlaryň sany köpelýär, alyş-çalyş birsyhly bolup durýan hadysa öwrülýär. Indi şol bir haryt birnäçe harytlar bilen çalşylyp ugralýar. Alyş-çalyş gymmatynyň ösüşiniň bu formasyna gymmatyň doly ýa-da ýaýbaňlandyrylan formasy diýilýär. Alyş-çalşyň ösüşiniň bu basgançagynda harytlaryň biri-birine gönüdengöni çalyşylmagy entek aradan aýrylmaýar. Bu bolsa alyş-çalşyň ýaýbaňlanmagyna belli bir derejede päsgel berýär.
Jemgyýetçilik zähmet bölünişiginiň mundan buýana çuňlaşmagy bilen ähli harytlaryň arasyndan has ýörgünli hyrydarly bolan bir haryt saýlanyp çykýar. Beýleki harytlaryň hemmesi özleriniň gymmatyny şol saýlanyp çykan haryt bilen aňladyp ugraýar. Ol saýlanan haryt bolsa beýleki harytlaryň ählumumy ekwiwalenti hökmünde çykyşedýär.
Hudaýberdiýewa Selbijemal
Daşaguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby