Häzirki döwürde şäherleşme dünýäniň köp ýerinde çalt depginler bilen dowam edýär. Ilat sanynyň artmagy bilen birlikde, şäherleriň giňelmegi we täze ýaşaýyş jaýlarynyň, iş ýerleriniň döremegi tebigata göni täsir edýär. Şäherleşme diňe bir ilatyň ýerleşişini däl, eýsem, jemgyýetçilik hyzmatlaryny, ulag ulgamyny, energiýa üpjünçiligini we sosial hyzmatlary hem üýtgedýär.
Şäherleşmegiň ösüşi bilen bagly esasy meseleleriň biri, ilatyň ýaşaýyş ýeriniň ýetmezçiligi we daşky gurşawyň bozulyşydyr. Köp şäherlerde ýaşaýyş jaýlary we iş ýerleri üçin ýer ýetmezçiligi ýüze çykýar, bu bolsa ýerleriň has köp betona öwrülmegine, ýerasty suw serişdeleriniň peselmegine we tebigy ekosistemalaryň bozulyşyna sebäp bolýar. Şeýle-de, çalt ösýän şäherlerde arassa energiýa üpjünçiligi, suw üpjünçiligi we transport ulgamlary köplenç talabala laýyk gelmeýär. Şäherleriň durnukly ösmegi üçin diňe infrastruktura däl, eýsem, daşky gurşaw bilen aragatnaşyk hem sazlaşykly bolmaly.
Mysal üçin, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda çalt ösýän şäherlerde täze binalar gurulýar, ýollaryň köpelmegi bilen howanyň zyňyndylary artýar, suw üpjünçiligi bolsa her döwürde çäklidir. Bu ýagdaý, şäherlileriň ýaşaýyş ýagdaýyna, saglygyna we ýaşaýyş hiline göni täsir edýär. Şäherleşmegi durnukly etmek, diňe binalary gurmak bilen çäklenmän, ilatyň we tebigatyň arasynda deňagramlylygy üpjün etmekdir.
Tebigatyň üstünde şäherleşmäniň täsiri
Şäherleşme, daşky gurşawyň we ekosistemanyň ýagdaýyna göni täsir edýär. Şäherleriň giňelmegi bilen, ýerleriň betona öwrülmegi, suw serişdeleriniň azalmagy, howanyň hiliň peselmegi we ýerli ösümlik-we haýwanat dünýäsiniň bozulyşy ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlar tebigatyň durnuklylygyny we ekologiýa taýdan deňagramlylygyny bozup biler.
Mysal üçin, uly şäherlerde hereket edýän awtoulaglaryň köp bolmagy howanyň zyňyndylaryny artdyrýar, bu bolsa howanyň hiliň pese düşmegine we adamlaryň dem alyş şertleriniň ýaramazlaşmagyna getirýär. Şeýle hem, ýerleriň betona öwrülmegi, ýerasty suw serişdeleriniň azalmagyna sebäp bolýar. Şäherleşme bilen birlikde tebigy ekosistemalaryň bozulyşy, suwuklyklar we ýaprak örtügi ýaly tebigy resurslaryň ýok bolmagyna getirýär.
Şäherlerde ýaşyl meýdanlaryň we baglaryň azalmagy, ilatyň dynç alyş ýerleriniň kemelenmegi bilen birlikde, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý, “şäher ýylylyk effektini” döredýär, ýagny şäherler daşky gurşawdan ýokary temperatura bilen tapawutlanýar. Şäherleşmäniň tebigata edýän şeýle täsirlerini azaltmak üçin, durnukly şäherleriň döredilmegi we ýaşyl meýdanlaryň artdyrylmagy möhümdir.
Durnukly şäherleriň döredilmeginiň zerurlygy
Durnukly şäherler, ekologiýa taýdan arassa, jemgyýetçilik taýdan deňagramly we ykdysady taýdan netijeli şäherlerdir. Bu şäherlerde suw, energiýa we ulag ulgamlary netijeli ulanylýar, tebigaty gorap, ilatyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar.
Durnukly şäherleriň esasy häsiýetleri:
- Energiýanyň arassa çeşmelerinden peýdalanmak (gün we howa energiýasy, biogaz);
- Suw serişdelerini tygşytly ulanmak we gaýtadan işlemek;
- Netijeli we ekologik ulag ulgamlaryny döretmek;
- Iýmit we zyňyndylary netijeli dolandyrmak;
- Ýaşyl meýdanlary, baglary we seýilgähler bilen şäherleriň biologik dürliligini saklamak;
Durnukly şäherlerde tehnologiki innowasiýalar, mysal üçin, suw we energiýa üpjünçiliginde avtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ulanylmagy, şäherlileriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrýar. Şeýle hem, täze şäher meýdançalarynda baglar, şäher kölleri we tebigy seýilgähler ýerleşdirilýär, bu bolsa şäherlilere dynç alyş we sagdyn durmuş üçin mümkinçilik berýär.
Tehnologiýanyň durnukly şäherlerde orny
Durnukly şäherleri döretmekde tehnologiýa esasy orun eýeleýär. Döwrebap tehnologiýalar, şäherleriň gurluşygyny ekologik taýdan arassa we netijeli etmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, suw üpjünçiliginde sensorly ulgamlaryň ulanylmagy, suw sarp edilişini yzarlamaga we tygşytlamaga kömek edýär.
Energiýa ulgamlarynda güneş panelýalary, howa energiýasy, biogaz we beýleki arassa energiýa çeşmeleri, şäherlerde kömür we nebitiň ulanylmagyny azaltýar. Şeýlelik bilen, howanyň zyňyndylary azalýar we ilatyň saglygy goralýar. Şeýle hem, döwrebap transport ulgamlary, elektrik awtoulaglar we tigir ýollary, şäherlerde ulag meselesini has ekologik taýdan arassa çözýär.
Maglumat tehnologiýalary, şäherlerde suw, energiýa, transport ulgamlaryny netijeli dolandyrmaga we energiýa tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagy, durnukly şäherleriň gurluşygynyň esasy bölegine öwrülýär.
Ekologiýa taýdan durnukly şäherleriň çözümleri
Şäherleşmäniň tebigata we ilata ýetirýän täsirlerini azaltmak üçin durnukly şäherleriň döredilmegi wajypdyr. Bu şäherlerde:
-Suw we energiýa tygşytly ulanmak;
-Ýaşyl meýdanlary, baglary we seýilgähler artdyrmak;
-Arassa we ekologik ulag ulgamlaryny döretmek;
-Zyňyndylary gaýtadan işlemek we azaldyp ulanmak;
-Energiýanyň arassa çeşmelerini ornaşdyrmak;
Şeýle çäreler tebigaty gorap, ilatyň saglygyny we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýar. Şäherleriň arassa we ýaşyl bolmagy, şäherlilere sagdyn ýaşaýyş şertlerini we dynç alyş mümkinçiliklerini berýär.
Geljek üçin şäherleşmäniň üýtgeşmeleri
Geljekde şäherleşme we durnukly ösüş, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we tebigaty goramak bilen baglanyşykly esasy meseleleriň biri bolar. Geljekde şäherlerde ýaşaýyş jaýlary, iş ýerleri, ulag we energiýa ulgamlary tebigatyň ýagdaýyny bozmazdan ösdürilmelidir.
Durnukly şäherleriň geljekde döremegi, diňe bir şäherlileriň abadançylygyny ýokarlandyrman, daşky gurşawy gorap, ekosistemalaryň dowamlylygyny üpjün eder. Energiýanyň tygşytly ulanylmagy, suw üpjünçiliginiň we ýerasty suw serişdeleriniň goralmagy, ýaşyl meýdanlaryň artdyrylmagy, geljek nesiller üçin sagdyn ýaşaýyş şertlerini döretmäge mümkinçilik berer.
Ýazan: Ilýasowa Aýgözel
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agranomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby


